"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Körpelere okap beriň!

PARAHATÇYLYK Parahatçylyk Hakynda sözi,Düşüner ýaly,Dünýäniň ýüzi.

Aşgabat

Ak ertirleň nura meňzeş, gijelerňe saz gelişer,Uçmahdan paýly goýnuňa pasly bahar-ýaz gelişer,Gülleriň roýuna hoşluk, bilbile perwaz gelişer,Peripisint gözellerňe jilwe bilen näz gelişer,Asyryň husny-jemaly, joşgun-heseri, Aşgabat,Arkadagyň dünýä dolan kämil eseri, Aşgabat! Toý-baýramy daglar aşar, Ýer ýüzünden geler bagşy,Munda medeniýetler duşar, saz-söhbetler joşar ýagşy,Watan — deňli-derejeli döwletleriň köňül nagşy,Döwlet üste döwlet goşar halkyň tämiz aň-garaýşy,Asyryň husny-jemaly, joşgun-heseri, Aşgabat,Arkadagyň dünýä dolan kämil eseri, Aşgabat!

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Diýara buýsanç

Alabaý

Goç ýigidiň dosty, göwün syrdaşy,Halallyga hemdem bolan alabaý.Batyrlykda hem-de gaýduwsyzlykda,Ynsanpisint adyn alan alabaý. Köpler seni mährem dost diýip bilýär,Aslyňa guwanyp, hem söýüp bilýär.Eýesi seretse, sözsüz düşünýär,Gadymýetden aşyp gelen alabaý.

Eser nähili döreýär?

Atajan Taganyň döredijiligi hakynda oýlanyp... * * *

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 12-nji fewraldaky sanynda) — Ylym gowy. Ylmy dargytsaň köpeler, maly dargytsaň, ýiter, ýok bolar.— Ylym gowy. Ylym seni şähere, mal seni çöle äkider.— Ylym gowy. Ylmyň köpeldigiçe dünýäň giňär, malyň köpeldigiçe dünýä sygmajak bolup başlarsyň.— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, ol seniň daşyň goragçysy bolar, malyň köpelse, sen onuň sakçysy bolmaly bolarsyň.— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, dostuň-ýaryň köpeler, malyň köpelse — duşmanyň.— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden gidende: “Hazyna gitdi, köp zadyny özi bilen alyp gitdi” diýerler, bu — hakykatdyr. Maly köp ähli baýlygyny goýup gider.— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden ötse, şägirtleri onuň baýlygyny jemlejek bolarlar, köpeltjek bolarlar, maly köp dünýäden öter welin, onuň malynyň üstünde dawa başlar.

Ganatynda gazlaryň ýaýrawy bar ýazlaryň

(Goşgular toplumy) Bahar joşguny

Hyýalda ýazylan hat

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewi ýagşylykda ýatlap Şu ýerde siziň 1958-nji ýylda döredilen we meşhur ýazyjy Beki Seýtäkowyň baş redaktorlygynda çap edilip başlanan «Edebiýat we sungat» gazetiniň ilkinji edebi işgäri bolandygyňyzy bellemek isleýärin. Siz bu redaksiýada 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda öz zähmet ýoluňyza başlapdyňyz, gazetiň ilkinji sany bolsa şol ýylyň 5-nji iýulynda çap edilipdi.

Tymsallar

Kölege Bir obada husyt kişi ýaşapdyr. Onuň öýi uly ýoluň gyrasynda ýerleşýän eken. Öýüniň derwezesiniň golaýynda daş-töweregine kölege salyp oturan äpet tut agajy ösýär eken. Günleriň birinde uzak ýoldan ýadaw gelýän ýolagçy salkyn kölegede dynç almak maksady bilen gür şahaly agajyň aşagynda oturypdyr. Ol muny görüp, öýünden atylyp çykypdyr-da:

Ýüregiň emri (Tibet tymsaly)

Öňde-de bir garry kempir syrkawlap, uzak wagtlap düşekde ýatypdyr. Onuň halyny soramaga dogan-garyndaşlary yzly-yzyna gelipdirler, uzak ýerlerde ýaşaýan ogly welin gara bermändir. — Ol nädip gelsin, töwerek-daşy gar basyp ýatyr ahyryn — diýip, kempir ogluny aklapdyr. — Ine, gyş geçip, daglaryň gary erär welin, oguljygym hökman geler. Onuň meniň halymyň teňdiginden habaram ýokdur, görseňiz.

Körpelere okap beriň!

Sowgat Ata çykyp sähra gitdim,Enem janyň doglan güni.Az salymdan sähra ýetdim,Görsediňiz elwan güli.

Ykbalym

Şol günlere äkit meni, ykbalym!Gögele arzuwlaň dogýan ýerine,Göwnüm ýaly gülüp mawy Asmanyň,Umydyň süýt bolup çogýan ýerine. Şol günlere äkit meni, ykbalym!Bagtyň bir kempuda deňdeş ýerine.Kir-kimirsiz çaga kalbyň ahwaly,Reňkli pagta süýjä meňzeş ýerine.

Ýaprakdaky ýazgylar

Ene hakyndaky aýdymy diňleýän her bir adam öz käbesini göz öňüne getirýändir. *  *  *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan rowaýat

Atly bilen eşekli adam ýolda ýoldaş bolupdyrlar. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, eşekli atlydan onuň adyny, atasynyň adyny, nire barýanyny, aý garaz, hemme ýagdaýlary sorap bilipdir. Ep-esli ýÖrenlerinden soň, atly haly horjunynyň sag gÖzьnden bir gysym iri hozy alypdyr-da, eýeriň gaşyna urup dÖwьp, eşekle hÖdьr etmezden, iýip başlapdyr. Eşekli atla garap: «Bir gysym hoz berseň, oňat akyl bereýin» diýipdir. Atly oňa bir gysym hozy eliniň tersi bilen uzadypdyr. Eşekli: «Bir adam bilen salamlaşanyňdan soň, derrew ol adamyň adyny soragyn» diýse, atly: «Men ony bilýerin» diýipdir. Ep-esli ýÖrenlerinden soň atly ýene-de horjunynyň sag tarapyna elini sokupdyr-da, ýagly çÖrek alyp iýip başlapdyr. Eşekliniň agzy suwaryp, oturyp bilmendir-de: «Dost, el ýaly çÖrek berseň, men saňa akyl bereýin» diýipdir. Atly eliniň tersi bilen el ýaly çÖregi uzadypdyr. Ýolagçy adam çÖregi alypdyr-da: «Şol adamyň nirede ýaşaýanyny soragyn» diýipdir, atly ýene-de Öňki sÖzьni gaýtalapdyr.

Ak çägede bitýän melhem

(«Heňňam hekaýatlary» toplumyndan) Şeýlekin durmuşy waka tas otuz ýyl mundan öňräk bolupdy. Garyndaşymyz — Gaýyp daýy meni gum içindäki Akmolla, Böwrüdeşik, Mürzeçyrla guýularyna äkitmäge döwtalap bolupdy. Ol şol döwürde Tagta (häzirki Görogly) etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk birleşiginde «ZIL» maşynyny sürýärdi. Çopan-çoluklar, umuman, gum içindäki daş-alys obalar üçin gerekli zatlardan tüýs çöle gaýym ulagynyň kuzowyny mas ýükläp gitse, bir aýlap diýen ýaly dolanmazdy. Geldigem, gapysy toýhana ýalydyr. Eli jomart, dili süýji kişi maşyna atylan çebişmi ýa-da toklyny derrew özi soýaga-da, deriden çykaryp durka-da, bagyr-öýkenini sogrup, «Baryň, derrew gazana atyň!» diýer. Mal pudarlanansoň gaýnatma bilen kebap bişjegem gürrüňsizdir. Bu şahandaz adam gum içlerine bäş barmagy ýaly beletdi.

Duýguly dünýä

SABYRLYLYK Aýly gije alabahar agşamy,Ak patrak erikleriň astynda,Durus bagy mähir bilen gülledip,Ömrümiziň, dünýäň bahar paslynda.

Şygryýet çemeni

ALYSDAKY HYÝALLAR Gije ünsüm çekdi Aýyň jemaly,Güjeňläp özüni garaňkylykda.Ynha, meniň arzuwlarmyň mysaly,Aý albaý bulaýar örän alysda.

Oýan, bahar geldi! (Oýlanma)

Säher bilen paý-pyýada ýöräp barýaryn. Gök otlar gögerendigini, miweli baglar gülländiklerini hoşboý ysy bilen «habar» berdiler. Suratkeş bolaýsaň, gitseň ýaşyl bürenen düzlere. Kagyz ýüzüne geçiräýseň bu ata Watanyň tebigatynyň ajaýyplyklaryny. Hä diýmän Nowruz baýramçylygy geler. Semeni gaýnadýan gyz-gelinleriň gazany bulap durkalar aýdýan ýagşy dilegleri, olara özüniň «edermendiklerini» odun owradyp subut etjek bolýan ýigitleriň hereketleri, düzlerde peýwagtyna otlap ýören goýunlary, çarpaýa galyp kişňeýän bedewleriň sesleri, mülküne nätanşyň gelendigini «wowf-wowfy» bilen habar berýän türkmeniň alabaýlary... bularyň hemmesi bu topraga baharyň gelendigini buşlaýar. Goňşymyzyň howlusyna bäş-alty bolup üýşen zenanlar ber-başagaý bolup semeni gaýnadýardylar. Agamyň: «Gelnejeň gelsin öýe!» diýen hökümli sözlerini «eýesine» ýetirmek üçin olaryň ýanyna bardym. Edep bilen salam berdim. Hemişe çagalary özüniň haýbaty bilen «ürküzip» ýören Sona daýza salamym-a aldy welin, yzyny bolsa maňamy, ýa töweregindäki oýnap ýören çagalaramy, anyk bilemok — kinaýaly sözlerini diýmäge başlady:

Şygryýet bossany

EJEME Seniň beren söýgiň ornan kalbyma,Çyrmaşygyň çyrşyp ornaýşy ýaly.Gylyklaryň siňip giden janyma,Suwlaryň topraga siňişi ýaly.

Täze goşgular

RubagylarIki pälwan orta göreşe çykdy,Biri daýanykly, biri arrykdy.Tutluşykda emel hem hile bilenÇepiksi diýenmiz daýawy ýykdy.* * *Toýlaryň bezegi ozan, bagşydyr,Döwräni bezeýän söhbet ýagşydyr.Märekede dogry sözläp bilmeseň,Sepiňi syzdyrman dyman ýagşydyr.* * *Bilbil deý ýakymly saýramaz serçe,Gyjagyň owazyn bermez kemençe.Seteran goýsalar on gyzy, läläm,Barysy birigip bolmaýar sençe!* * * Günler günler bilen sapylýan eken,Her günde özgeriş tapylýan eken.Eger-de ykbalyň gaýtgyny bolsa,Öz itiň özüňe topulýan eken.* * * Ekiniň hasylly bolmagyn isle,Dokmaňyzlyk ynam, buýsançdyr nesle.Ýeňleslik hiç haçan oňlanýan däldir,Suwda gaýýan tohum gögermez asla.* * * Dert gelýändir hetden aşa doýmakdan,Kanagatyň gidip, geçeňde çakdan.Tagamlaryň hersi melhemdir, derman,Erkli bolsaň şypa geler iýmekden.* * * Täsin ýeri, oňuşmansoň bu serde,Iki gulak ýerlemändir bir ýerde.Burun iki göze kazy bolupdyr,Goýmasyn diýp biri-birini derde.* * *  Beýge çyksaň, seretmegin yzyňa,Ynam bilen berk ýapyş-da dyzyňa.Öňdenem, yzdanam bolma tamakin,Maksadyňy hemra edip özüňe.* * *  Suwa girme erkin ýüzüp bilmeseň,Dutary gynama çalybilmeseň.Terbiýäň ýerlemez nesilleriňde,Özüň ata pendin tutup bilmeseň. Bazar Şa