"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Bäşlikçiler

Kaýum TAŇRYGULYÝEW Maýsa tagtanyň üstünde hamyry kagyz ýaly ýukajyk ýaýsa-da, onuň hiç ýeri deşilmeýärdi. Şeýdip, ullakan tegelek ýasap, ýüzüne ýag çaldy. Soňra ony ejesiniň nan taýýarlaýşy ýaly epleşdirip, eliniň aýasy bilen basyşdyryp ýasylady. Soňra ýene oklaw bilen ýaýdy-da, tegelek nana meňzetdi. Ejesem gapdalynda oturyp, gyzyna gatlakly nan taýýarlamagy öwredýärdi. Ýöne ejesi nany Maýsadan çalt taýýarlaýardy.

Goşgular çemeni

Agageldi ALLANAZAROW «A» ýazýan

Pyşdyl, keýik we garga üçüsiniň dostlugy

(Türkmen halk ertekisi) Gadym zamanda bir pyşdyl, keýik we garga ýaran bolupdyrlar. Bular näme iş etselerem, maslahatly edermişler. Günleriň birinde keýik janawar duzaga düşenmiş. Garga-da ýanynda eken. Ol baryp çüňki bilen duzagy aýryp bilmändir. Garga pyşdylyň ýanyna gelip:

ARKADAGYŇ ÝÜREGI DEÝ, DOST-DOGANA BARÝAN ÝOLLAR

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzap, gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Giň jahanyň ähli halklary, ýakyn-u-alys ýurtlary bilen baryş-geliş edilýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, halyndan habar almak, dostluk goluny uzatmak — paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary-da Beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir eýsem?!

Kiçelen köýnek däl...

(Hekaýa) Didar maşgalanyň uly perzendi, özi-de bäş ýaşynyň içinde. Ondan aşakda 2 ýaşyny ýaňy dolduranja jigisi — Kakajan bar. Ol entek kiçijekdigi üçin ejesiniň geýdirýän egin-eşiklerine, aýakgaplaryna «at dakmagy» bilenok. Didar welin, özdiýenli oglanjyk. Her gün ir bilen çagalar bagyna gitmekçi bolanynda öz egin-eşiklerine baha bermegi çykardy. Ejesi göm-gökje, ýüzünde welosiped sürüp barýan oglanjygyň suraty ýerleşdirilenje köýnegi geýdirmek islese, «Ýok, eje, men bu köýnegimi halamok, maňa ýüzi futbol pökgüli ak reňkli köýnegimi geýdiräýsene» diýip, aglamjyramaga durdy. Ejesiniň bu köýnegi geýdirmek üçin ýagdyran öwgi sözlerini gulagynyň ýele ýanyndan geçiren oglanjyk öz pikirinde örän çynlakaýdy. Gültäç gelneje oglunyň haýsy eşigi barada aýdýanyny bilse-de, başga bir köýnegi geýdirmäge çalyşdy. Emma aýak diräp duran Didarjyga sözüni düşündirip bilmejegini aňyp:

Oguz nesliniň bitewülik ýörelgesi

Türkmen halkynyň gadymy beýik ýoly bar. Ol asyrlarboýy ata-baba däplerini, wesýetlerini dowam etdirip gelýän ata we ogul mekdebiniň ýoludyr. Bu ýoluň hümmeti «Gorkut ata» şadessanyndaky: ...Ogul atadan görmeýinçe, supra çekmez,Ogul atanyň ýeteridir, iki gözüniň biridir,Döwletli ogul gopsa, ojagynyň közüdir —

Joşgunly gelen günleriň şatlygy, bagty başgaça, Göwünler heýjan içinde, saýrakdyr şat dillerimiz!

Joşgunly gelen günleriň şatlygy, bagty başgaça,Göwünler heýjan içinde, saýrakdyr şat dillerimiz!Gelýär bu gün ylym-bilim geljegimize nurun saça,Bilimli ýaş nesillere guwanýandyr illerimiz. Mekdebiň täze binasyn açyp berdi toý gününde,Sowgatdyr harby mekdebiň okuwçylaryna — bize. Ajaýyp peşgeşiň üçin alkyş bardyr her göwünde,Sagbol aýdýas Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Çaga kalbynyň owazy

Garaşsyzlyk Döwürlere şan getiren,Kalbyň nury — Garaşsyzlyk!Türkmeni bagta ýetiren,Ýürek joşy — Garaşsyzlyk!

Gymmatly sowgat

(Hekaýa) Enemiň mydama gulply duran ýaşyl sandygyna gözüm gidýärdi. Enemiň öz aýdyşy ýaly, onda atamdan galan kitaplar bardy. Segseniň onuna giren enemiň hiç haçan kitap okanyny görmesem-de, atamdan galan kitaplary welin, aýap saklap, ýygnap goýupdyr. Biz enemiň ýaşyl sandygynda saklaýan şol kitaplaryny birnäçe gezek sorap gördük, ýöne her gezegem: «Entek ulalyň, onsoň bererin» diýýärdi.

Gabak

Gabak — türkmen we gazak dillerinden beýleki aglaba türki dillerde «kädi» manysynda ulanylyp, çekimlileri gysga aýdylýan gabak, aslynda, içi boş (suw, süýt, ýag salynýan) kädiniň adydyr. Ol «gow» sözünden we –ak goşulmasyndan durýar. Onuň manysy — «içi boş», «gowak» diýmekdir. Bu söz soňra gabak görnüşine geçip, türkmen dilinde-de ulanylypdyr. Muny geçmişde toýlarda çapyp barýan atyň üstünden ok-ýaý bilen ýokardan asylan içi boş gabagy nyşana urmak boýunça geçirilýän «altyngabak» diýen ýaryşyň ady tassyklaýar. Wagtyň geçmegi we manysynyň giňelmegi bilen suwkädiniň gabak diýilýän ady iýilýän kädilere-de geçýär. «Göz gabagy» manysyndaky ga:bak sözüniň täsiri netijesinde onuň birinji «a» sesi hem uzynlyk alýar (ga:bak). Ramstedt «gabak» sözüni başgaçarak düşündirýär. Onuň pikiriçe, «gabak» sözüniň, aslynda, «hobak» bolup, onuň «ho» (hu) bölegi «hytaý», «pak» bölegi hem «içi boş», «pak» manysyndadyr: «hytaý gabagy» (kädiniň koreýçe ady hopakdyr). «Gabak» diýen türki söz «gabak», «kobaçki» görnüşinde rus diline-de geçipdir. Rus dilinde ol iýilýän kädiniň ýasydan tegelek we ownugrak görnüşini aňladýar.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Guseýin Muhtarow. «Akbilek». Bildiňiz. Akbilek — güjüjegiň ady. Ol Bäşim atly oglanjygyňky. Bir gün Akbilek ýitýär. Bäşim ony daş-töwerekden gözleýär, ol bolsa bireýýäm tokaýa siňip gidýär. Ol ýerde-de tokaýyň şasy ýolbarsa gabat gelýär. Mundan soň näme bolýandygyny okap görüň. Juda gyzykly erteki-poema size güýzüň ilkinji aýynda ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlar.

Arkadagyň ýüregi deý dost-dogana barýan ýollar

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzaýar, jahanyň ähli halklary, ýakynu-alys ýurtlary bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, kyn gününde dostluk goluny uzatmak paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary bu gün beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir, eýsem?! Bular hakda söz açanyňda, ýakynda bolup geçen taryhy wakalary, dabaraly açylyşlary ýatlamak ýeterlik. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen «Serhetabat — Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganyst

Şygryýet

Ak bugdaý Gadym Änewde galanBize gowşan ak bugdaý.Ýetmez azygmyz dolanBize gowşan ak bugdaý.

Iň irki türkmençe «Futuwwetnama»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we goldawy netijesinde adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan akyldarlarymyzyň edebi mirasy, döreden dürdäne eserleri töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda çapa taýýarlanyp, neşir edilen şeýle eserleriň biri hem Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly kitabydyr. Kitapda XIII — XIV asyrlarda Kiçi Aziýa sebitlerinde ýaşan türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eseri hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täjigözel Hojageldiýewanyň «Futuwwetnamaçylyk däbi we Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasy» atly monografiýasy ýerleşdirilipdir. Futuwwetnamaçylyk barada türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edilen işler ýeterlik däldir. Alymyň bu ylmy işi orta asyrlar türkmen taryhyny, edebiýatyny we onda öňe sürülýän ynsanperwer ideýalaryň jemgyýetçilik ähmiýetini yzarlamaga, öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu eser şol döwürde kämilleşen türkmen edebiýatynyň soňraky asyrlardaky ösüşiniň binýady bolup hyzmat edendigini aýdyň ýüze çykarýar. Elbetde, häzire çenli ady bize mälim bolmadyk türkmen akyldarynyň ajaýyp «Futuwwetnama» eserini ilkinji bolup häzirki zaman türkmen diline geçirip, ondaky parasatly pikirleri halka ýetir

Kyrk bäş ýylyň dostlugy

Alym akyldar hakynda

Beýik Magtymguly çeper pikirlenmäniň şalygynda seýil edýän mahaly diňe bir sözüň, sözlemiň däl, eýsem, her bir durmuş, tebigat hadysasyny öz kesp-käriniň derdine ýaratmagyň nusgasyny görkezipdir. * * *

Göwün (Tymsal)

Bir ýola okuwçylaryň arasynda göwne degişmezlik, düşünişmek barada gürrüň çykýar. Bu meseläni aýdyňlaşdyryp bermegini soranlarynda, mugallym olara daş degende penjiräniň aýnasynyň näme üçin döwülýändigini düşündirmeklerini tabşyrýar. Okuwçylaryň biri: «Aýna daşyň agramyna çydaman döwülýär» diýip jogap berýär. Başga bir okuwçy: «Aýna örän ejiz» diýýär. «Daş gaty uly tizlik bilen zyňlypdyr» diýenem tapylýar. Bir okuwçy bu ýagdaýy daş zyňanyň mergenligi bilen düşündirjek bolýar. Ýöne mugallym olaryň hiç biriniň jogabyny tassyklajagam, inkär etjegem bolman, ýylgyryp oturypdyr. Ahyrsoňy okuwçylaryň jogaby tamamlanýar. Mugallym ýerinden turup, netijäni beýan edýär:

Magtymguly halk içinde

Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ildeşlerimizden eşiden gürrüňimi halkymyza ýetiresim geldi. Mirasgär Mämmetgurban Geldigurbanow «Pederleriň söhbedi» atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «2014-nji ýylyň başlarynda men öýdäki üç-dört sany ownuk malymy sürä goşmak üçin öňki gyzylbaýyrly Nurberdi Jepbarowyň ýanyna bardym. Ol şonda Magtymguly barada şeýle gürrüň berdi: «Biz oglandyk, 1950-nji ýyllaryň başlarydy. Agşamara Atak agalara üýşdük. Şonda onuň aýaly Täzegül eje: «Magtymguly şahyr Sumbaryň golaýyndaky uly obada ýaşapdyr. Iň soňky gezek Soňudagynyň geçelgesi Naýbadaýdan geçipdir. Abasary çeşmesinden üç owurt suw içibem, şol ýerde jan beripdir» diýdi.

Gezende şahyr SKOWORODA

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly görnükli şahsyýetler barada söhbet edýän sahypamyzda meşhur ukrain filosofy, şahyry Hrihoriý Sawwiç Skoworoda barada gürrüň bermegi makul bildik. Gezende filosof, şahyr, basnýaçy, pedagog Hrihoriý Skoworoda 1722-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kiýew guberniýasynyň Çernuhi obasynda dünýä inýär. Onuň ömrüniň irki döwri barada takyk maglumat bolmasa-da, Çernuhidäki dört ýyllyk mekdebi okandygy, çagalygyndan ylym-bilime ymtylandygy, ýetginjek döwri Kiýewdäki Dini akademiýa okuwa gidendigi barada il içindäki hekaýatlardyr gürrüňlerde aýdylýar. Edebiýatçylaryň biri Skoworoda akademiýada grammatikany öwrenipdir diýen pikiri öňe sürse, ýene biri latyn dilinden we edebiýatyndan sapak alypdyr diýip hasaplaýar. Onuň bu ýerde grek, nemes, ýewreý dillerini öwrenendigi baradaky pikirler hem bar.

Hakydada galan hakykat

Hemişe çagalyk ýyllarymy ýatlasam, garry enem hem-de söýüp okan kitaplarym ýadyma düşýär. Okamaga höwesek bolmagyma hem bir wagtlar ýurduny täzelän enem pahyryň goşandy has uludy. Enem kitaba gümra bolsam begenerdi. Ejem ikisi el işini edýän wagtlary arasynda maňa kitap okadyp, diňlärdiler. Enem dessanlary gowy görerdi. Dessanyň şygyrly ýerine ýetenimde, käwagtlar gapdalymdan hüwdä meňzeş owaz bilen hiňlenip aýdardy. Men bolsa enemiň heniz okap ýetişmedik şygrymy boýdan-başa ýatdan bilşine haýran galyp, onuň hiňlenmesini maýyl bolup diňlärdim. Bir gezegem türkmen dilinden we edebiýatyndan sapak berýän mugallymymyzyň elinde heniz çaphananyň ysam gitmedik, gatlary açylmansoň, sahypalary entek biri-birine ýelmeşip duran Magtymguly Pyragynyň täzeje kitabyny göräýdim. Magtymgulynyň goşgularyny enemiň aýratyn gowy görýändigini bilýändigim üçin ony duýdansyz begendiresim geldi. Şonuň üçin mekdepden daşarda salam bermäge-de çekindirýän, ýüzi agyr mugallymymyzdan, hakyt, kitaby dilemäge batyrlyk edip bilenime öz-özüme haýran galdym. Geň galaýmaly, mugallym heniz özem okap ýetişmedik kitabyny höwes bilen maňa uzadyp durşuna: