Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly görnükli şahsyýetler barada söhbet edýän sahypamyzda meşhur ukrain filosofy, şahyry Hrihoriý Sawwiç Skoworoda barada gürrüň bermegi makul bildik.
Gezende filosof, şahyr, basnýaçy, pedagog Hrihoriý Skoworoda 1722-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kiýew guberniýasynyň Çernuhi obasynda dünýä inýär. Onuň ömrüniň irki döwri barada takyk maglumat bolmasa-da, Çernuhidäki dört ýyllyk mekdebi okandygy, çagalygyndan ylym-bilime ymtylandygy, ýetginjek döwri Kiýewdäki Dini akademiýa okuwa gidendigi barada il içindäki hekaýatlardyr gürrüňlerde aýdylýar. Edebiýatçylaryň biri Skoworoda akademiýada grammatikany öwrenipdir diýen pikiri öňe sürse, ýene biri latyn dilinden we edebiýatyndan sapak alypdyr diýip hasaplaýar. Onuň bu ýerde grek, nemes, ýewreý dillerini öwrenendigi baradaky pikirler hem bar.