Rubagylar
Ata-baba kesbin ýöretmek gerek,Hyjuw, gaýrat bilen döretmek gerek.Arzuw guşun pelpelledip asmanda,Arzyly menzillere ýetmek gerek.* * * Ejize rehim et, üstünden gülme,Namartlaň öňünde başyňy egme.Uýýany hakykat, alýany alkyş,Merde ýüz tutmagy kiçilik bilme.* * * Zähmetde bişişmek, taplanmak gerek.Garasöýmezlikden saplanmak gerek.Ýan berer sähelçe agram düşende,Göterjek «diwara» ýaplanmak gerek.* * * Saralyp-solar ýör gaýgy-ünjüden,Azar görer ýürekdäki sanjydan.Ökünçde, ahmyrda geçer günleri,Ýaşlygynda ata-enäni ynjydan.* * * Kişiň agyrsyny özüňde duýgul,Göwnüni götergil, ýagşyňy ýaýgyl.Bu durmuşdyr, şeýle ýagdaýa düşseň,Öz eden işiňe bolarsyň kaýyl.* * * Jinnek dek agram ýok ýaşryk-ýalanda,Kyn bor bilnip güler ýüzler solanda.Abraýy artar dogry sözliniň,Ýuwaş-ýuwaş galyberer belende.* * * Ýagşydan öwrenseň ýagşy bolarsyň,Tylla Aýyň parlap dogşy bolarsyň,Söýgini harlaman ýaşasaň, dostum,Ýar kalbynyň ajap nagşy bolarsyň.* * *