"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Şan-şöhratly bedewler

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda mynasyp orna eýe bolupdyr. Ahalteke atlary türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasy hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewler taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy, ylham joşguny we onuň milli baýlygydyr.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy gymmaty barha artýan hazyna

Türkmen nusgawy edebiýatynda dile, söze sarpa goýulýandygyny şahyrlaryň goşgularyndan görmek bolýar. Gündogarda söz bilen baglanyşykly ençeme nakyllar, pähimler döredilipdir. Şol nakyllarda sözüň manysyna düşünip sözlemek baradaky pikirler beýan edilipdir. Söze bolan şeýle belent sarpany akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem görmek bolýar. Akyldar şahyryň goşgy setirlerinde çuňňur manynyň bardygyny bellemelidiris. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri, gyzyla gaplaýmaly setirleri halk aňyna ornapdyr. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä dillerine terjime etmekde hem-de okyjylara ýetirmekde alymlarymyz asylly işleri bitirýärler. Çünki milli edebiýatymyzyň nusgalaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, gymmatly mirasymyz ýaşlara hem öwredilýär.

Unudylmajak pursatlar

«Ýaşlyk» žurnalynyň redaksiýasynda ýaş şahyrlaryň döredijilik birleşmesi geçirilende, halypa şahyr Kerim Gurbannepesow bir ýaş şahyryň goşgusyny barlamak üçin galam tapman kösendi. Oňa ýerli-ýerden ruçka hödürlediler. Şonda ol: «Men hiç mahal goşga ruçka bilen bellik edemok» diýdi-de, ahyry ýalpyldap duran mele papkasynyň bir burçundan tapan galamyny çykaryp, öňündäki goşgynyň käbir ýerine bellik edişdirdi. Soňra bolsa: — Galam bilen edilen belligi aňsatja pozup bolýar. Ruçka bilen edilen bellik bolsa, käte kalba düşen tegmil ýaly bolup ýatda galýar. Bu — bir. Ikinjiden-de, heniz peri gürelmedik ýaş şahyr, köplenç, öz pikirine dolanyp gelýär. Şonuň üçin, eger ylalaşmasa, ýaş şahyra galam yzlaryny öçürmäge puryja berýän.

Ma­şa­dy-Mis­se­ri­an ýa­dy­gär­lik­le­ri

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 En­sik­lo­pe­dik ki­tap­lar­da­ky ýaz­gy­la­ra sal­gy­lan­saň, Gün­ba­tar Türk­me­nis­tan ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re baý­dyr. Ylaý­ta-da, Ma­şa­dy-Mis­se­ri­an ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň öz döw­rü­niň syr­ly ta­ry­hy­ny goý­nun­da giz­läp ýa­tan­ly­gy hak­da aý­dyl­ýar. Bu ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my or­ta asyr­lar­da esas­lan­dy­ry­lan Mis­se­ri­an şä­he­ri­niň we Ma­şat go­nam­çy­ly­gy­nyň ar­heo­lo­gi­ki ga­lyn­dy­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar. Türkmen halkynyň durmuşynda ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi her birimizi şu günki günden şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-gü

Milli mirasymyzyň şöhraty jahana dolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onuň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bitarap Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek, dünýäde giňden wagyz etmek, her bir raýatyň kalbynda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyz milli medeniýeti kemala getirip, ösdürip-kämilleşdirip, asyrlardan aman aşyryp, şu günki nesillerimize ýetiripdir. Häzirki wagtda milli medeniýetimiz, sungatymyz asyl köklerimize daýanmak arkaly barha kämilleşdirilýär. 

Gorkut ata we Magtymguly

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen umumadamzat şahyry hem-de akyldary hökmünde ykrar edilen söz ussadymyzyň edebi mirasyny öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu ugurda beýik akyldaryň mirasynyň gadymy edebi nusgalar bilen arabaglanyşygyny ylmy esasda öwrenmek wajyp işleriň biridir. Şol jähetden, biz halk paýhasynyň taýsyz nusgasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda ündelýän pikirleriň Magtymgulynyň döredijiliginde mynasyp dowam etdirilişi hakynda söhbet açmagy makul bildik. Özüniň pähim-paýhas ündewleri bilen birnäçe eserleriň döremegine itergi beren «Gorkut ata» şadessanynyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy üçin hem görelde mekdebi bolandygyny ylmy seljermeler aýan edýär.

«Pälwan daşy»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Köýtendag sebitinde ýaşap geçen bir pälwan hakda örän gyzykly maglumatlar bar. Onda eldekileşdirilen aýydan, äpet ýylandan üstün çykan bir ýigit barada täsin hekaýat gürrüň berilýär. Bu sebitde «Pälwan daşy» diýip atlandyrylýan bir daş hem bar eken. «Aýydyr äpet ýylandan üstün çykan ýigit bilen «Pälwan daşynyň» arasynda baglanyşyk barmyka, bar bolsa näme baglanyşygy barka?!». Şeýle sowala gümra wagtymyz «gutuljak hassanyň tebibi üstüne gelermiş» diýleni boldy. Sowallarymyzy aýdyňlaşdyryp biläýjek adam — ýurdumyzda welosipedli syýahat etmekde meşhur Batyr Abdullaýew redaksiýamyza myhmançylyga geldi. Görüp otursak, ýaşuly syýahatçy ýanyna şol daşyň suratyny hem alan eken. Şol suratdaky ýazgy agramy 584 kg bolan, ýagny ýarym tonnadanam agyr bu daşy 1882 — 1917-nji ýyllarda Köýtendag etrabynyň Hojaýpil obasynda ýaşap geçen Ahmed Hajy ogly Hudaýberdi mişan pälwanyň göterenligini tassyklaýar.

«Emeliň seresi – güýç,..»

Göreşde esasy zat — garşydaşyňy ýykmak. Bäsdeşiňi ýykmaga-da güýç bilen emel gerek. «Emeliň seresi — güýç, güýjüň seresi — emel» diýilýär, pälwanlar bu ikisini deň tutupdyr. Güýç biliňe, bilegiňe, injigiňe, galyberse, ýüregiňe bagly bolýar. Emel?! Pälwanlar bil tutuşanlarynda garşydaşyndan üstün çykmak üçin türkmen göreşiniň badak, çopanbadak, çilşirme, ýanbaşa almak, çilme, ilme, kakma, silkme, gysyp ýykmak, aýlap ýykmak, göterip ýykmak... ýaly onlarça emellerini ulanypdyrlar. Göreş emelleriniň belli-bellileri aýratyn çylşyrymly, owadan, ussatlygy talap edýän emeller bolupdyr. Şeýle emelleri ulanýan pälwanlara aýratyn sarpa goýlupdyr. Türkmen göreşiniň emellerinden badak garşydaşyň aýagynyň daşyndan aýagyňy aýlap salynýan emel bolsa, çilşirme bäsdeşiňi ýykmak üçin aýagyňy garşydaşyň aýagynyň arasyndan geçirip, daş ýüzünden aýlap tutmak usulydyr. Garşydaşyňy ýanbaşyňa alyp ýykmak türkmen göreşinde gowy görülýän, owadan, pälwanyň ussatlygyny görkezýän, abraýly emel hasap edilýär. Bu emelde garşydaşyňy bir ýan gapdalyňa göterip ýykylýar.

Dür dökülýär ellerinden

Zergärçilik halkymyzda irki döwürden bäri dowam edip gelýän inçe sungatdyr. Bu sungatyň jadylaýjy dünýäsine aralaşan ynsan özüni asla ondan üzňe tutup bilmeýär. Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa hem şeýle köpugurly döredijilige ýykgyn edýän zenanlaryň biri. Ol çagalara bilim we terbiýe bermek bilen birlikde ýaş nesliň sungatyň dürli görnüşinden kämil baş çykarmagy ugrunda hem zähmetini gaýgyrmaýar. Ýaşlykdan sungat ýoluny saýlan Ogulnur ilki bilen etrabyň çagalar sungat mekdebinde okap, nakgaşçylyk hünärini öwrenýär. Soňra ol okuwyny Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda dowam etdirýär. Eýýäm talyplyk ýyllarynda gülýakadyr bilezik, gulakhalka ýaly şaý-sepleri milli äheňde özbaşdak ýasap ugraýar. Halypa mugallymlaryň öwredýänlerini yhlas bilen özleşdirýän ýaş zergäriň döredijilik ukyby has hem artýar. Edil şol ýyllarda onuň döreden işleri döwlet derejesinde geçirilýän sergilerde hem iň gowularyň hatarynda ýokary bahalara mynasyp bolýar.

Behişdi bedewler söz sungatynda

Ajaýyp goşgulary bilen türkmeni dünýä tanadan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmeniň ahalteke atlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyr Watany goramakda, il-günüňe hyzmat etmekde hiç bir adamyň çetde durmaly däldigini tekrarlap, hakyky watançy batyr goç ýigit üçin derwaýys şertleri birin-birin sanap geçýär. Şahyr Watan goragyna çykan adamyň öýli-işikli, aty-ýaragy gurat hem-de azyk üpjünçiligi ýerli-ýerinde bolmalydygyny ündeýär. Şeýle hem her bir adam öz kesp-kärini, borçlaryny, görüm-göreldäni dowam etdirer ýaly nesil terbiýeläp ýetişdirmeli. Şahyr «Ýagşy», «Är ýanynda bellidir» atly goşgularynda ýigitleriň durmuşynda zerur bolan esasan üç şert barada aýdýar: Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

Kitap — ruhy hazyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz paýhas gory bolan kitaba, paýhaslar hazynasy kitaphana uly ähmiýet berýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly eserini okanyňda aýdyň duýmak bolýar. Çünki pederlerinden geçen okumyşlyk, kitaba bolan söýgi Milli Liderimiziň eserlerinde aýdyň görünýär. Taryhy çeşmelerde ylma sarpa goýýan käbir adamlaryň gowy kitaplary toplap, öz öýünde kitaphana döredendikleri, ylym öwrenmek isleýän islendik adam üçin şahsy kitaphanasynyň gapylaryny giňden açandyklary hakynda-da maglumatlar duş gelýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň dürli ýerlerinde taryhy ýadygärlikleri, gadymy kitaphanalaryň yzlaryny görmek bolýar. Bu ata-babalarymyzyň kitaba, ylym-bilime belent sarpa goýandyklaryny aňladýar. Aslynda kitap hakynda ençeme nakyllar hem döredilipdir. Bu nakyllar halkymyzyň nesil terbiýesinde kitaba uly orun berendigini subut edýär.

Ýürek mährim — alajam

Geçen günleriň birinde öz işdeşlerimiz bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardyk. Şonda muzeýiň içindäki gadymy mirasymyzy janlandyrýan milliliklerimize buýsanç bilen seredip, täsinliklere ser salyp duran pursadymda türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň nepislik bilen ören alajasynda gözüm eglendi. Şol pursat alajanyň nepis örülenini görüp, gözlerimi ondan aýryp bilmän seredip durşuma, çagalyk ýyllarym, enemli günlerim ýadyma düşdi. Ol wagtlar men on-on iki ýaşlaryndaky gulpaklyja gyzjagazdym. Mekdepde zähmet sapagynda okuwçy gyzjagazlara el işleri öwredilýän bolsa, oglanjyklara ussaçylyk bilen baglanyşykly hünärler öwredilýärdi. Şonda mugallym gyzjagazlaryň hersinden öýlerinde eneleriniň, ejeleriniň, uýalarynyň nähili el iş bilen meşgullanýandygyny sorady. Men pikirlenmän: «Mugallym, meniň enem alaja örýär, onda-da şeýle bir owadan edip örýär. Toýa gitse-de, öz ören alajalaryndan sowgatlyk alyp gidýär. Maňa-da owadan alaja örüp berdi» diýip, ýüregimi buýsançdan dolduryp, enemiň örýän owadan alajalary hakynda gürrüň berdim. Şonda mugallym meni haýran galyp diňläpdi. Garaz, şeýdip, ilkinji zähmet sapagymyz sorag-jogap alyşmak, el işlerini öwrenmek bilen geçdi. Okuwdan soň öýe gelşime, enemiň ýanyna baryp: «Ene, aý, ene, biz bu gün zähmet sapagyny geçdik. Şonda mugallym bize el işini öwrenmek hakynda gyzykly zatlary gürrüň berdi. Men bolsam mug

Alaja hakynda tymsallar

Ozalbaşda perzent ruhy ene göwresine düşende, özüne emir edenlere yüzlenip: «Men bu jenneti owazlary, jennet howalary goýup, ol ýerde nädip ýaşaýyn» diýipdir. Oňa: «Biz saňa jennetiň howasyny howalandyrjak sallançak diýip bir zat ibereris. Ol üwrelende, badyna howada jennetiň howasy howalanar. Ony üwremek üçin ak bilen gara reňk garylyp işilen sallançak bagy bolar. Ene her gezek seni sallançakda ýatyranda, onuň bir ujy elinde bolsa-da, beýleki ujy ýürek bagyna baglanandyr. Enäniň hüwdüsi jennetiň howasydyr. Ol owaz saz bolup, Adam atanyň süňňüne jan bolup bile girendir.

Gelin salamy

Gelin salamy örän gadymy däpleriň biri bolup, bu däp häzirki günlerde hem dowam edýär. Birek-birege hormatyň, hoşniýetliligiň nyşany bolan salamlaşmak däbi hemmeleri, ylaýta-da, zenan maşgalalary juda sypaýy, edep-ekramly görkezýär. Ýaş gyzlaryň edep-terbiýesi barada gürrüň edilende: «Salamlyja eken» diýilýän halatlaryna durmuşda köp gabat gelinýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň, mährem ene-mamalarymyzyň miras galdyran adamkärçilik gatnaşyklarynyň iň ajaýyp nusgalarynyň biri hem salam bermekdir. Gelin salamy däbi boýunça täze gelen gelni toý gününiň ertesi, ilki bilen, gaýynlarynyň bolýan otagyna salama eltýärler. Gelin sag aýagy bilen içerik girýär we öýüň töründe oturan gaýynlaryna sag elini kükreginiň üstünde goýup, eglip salam berýär. Şol mahal ogluny öýli-işikli etmegi, toý tutmagy arzuwlap, gelin salamyna garaşyp ýören ata-enäniň başy gök direýär. Gaýynene ýerinden turup, gelniniň iki egnine elini goýup: «Äleýik salam, sag-aman ördüňizmi, balam!» diýip, mähir-muhabbet bilen onuň salamyny alýar. Soňra: «Gelnim ilkinji salama gelende bererin» diýip, ýüreginde niýetläp goýan sowgatlyk köýnekligini ýa-da gyňajyny onuň egnine atýar. Süýji sözlerini, ýagşy arzuwlaryny gelnine minnetdarlyk bilen eçilýär. Şaňňyrdap gapydan giren gelnine buýsançdan ýaňa ýüregi joşan gaýynata-da: «Amanlykmy, gelin, aman-saglykmy?» diýip, onuň salamyny alýar.

Türkiýe — gadymyýetiň şaýady

Türkiýe Respublikasynyň çäginde dünýä taryhynyň dürli döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler kän. Olaryň käbirleriniň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär. Göbekli depe. Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu taryhy ýadygärlik dünýä ýüzünde belli bolan ybadathanalar toplumlarynyň iň gadymysy hasaplanylýar. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 10-9-njy müňýyllyklarda gurlupdyr. Ýüzüne guşlaryň, dürli jandarlaryň şekili çekilen ýigrimiden gowrak togalak görnüşli, T şekilli sütünlerden ybarat bolan ybadathana nämüçindir biziň eýýamymyzdan öňki 8-nji müňýyllykda tutuşlygyna gömlüpdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamynda ýaşlar dialogy

Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Giň möçberli çäre Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň we HHR-iň halklarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilip, onuň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, Mary welaýat häkimligi tarapyndan ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen foruma ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyplar, meýletinçiler, işjeň agzalar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet, sungat ulgamlarynyň, parlament düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Magtymgulynyň döredijiliginde kanun baradaky garaýyşlar

Halkymyzyň milli mirasyny, onuň millet hökmündäki özboluşly aýratynlyklaryny ýaş nesillere öwretmek islendik döwürde hem derwaýys meseleleriň biridir. Bu babatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň watançylyga, halallyga, ynsanperwerlige we adalatlylyga ýugrulan eserleri bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak pähim-paýhasdyr, gymmatlykdyr. Magtymguly Pyragy öz döwürdeş we ondan soňky döwrüň şahyrlary üçin ruhy sütündir. Gurbandurdy Zelili, Annagylyç Mätäji, Mämmetweli Kemine we başga-da köp sanly söz ussatlary Magtymguly Pyragyny öz halypasy hasap edipdirler. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda: «Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr// Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr» diýip belleýär.

Türkmeniň wepadar alabaýlary

Merjen şäherimiz Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň nyşanynyň merkezinde kuraş bilen meşgullanýan türgeniň şekiliniň türkmen alabaýynyň keşbinde suratlandyrylmagy — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  gaýtalanmajak sungat derejesine ýetirilen milli senetlerimiziň dünýädäki şöhratyny dabaralandyrýar. Ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň dünýä giňişliginde beýik ykrarnama eýe bolmagy biziň başymyzy göge ýetirýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň şöhratyna şan goşdy. Halkymyzyň «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we  seýislemegiň medeniýetini hem-de türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny şol sanawa girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr. 

Lebap halylarynyň nagyş aýratynlygy

Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda haly nagyşlary hakynda şeýle belläp geçýär: «Nagyşlary okap bolýandygyny hemmeler bilýärler. Ýöne ony okap bilýänler köp däl. Şonuň üçin bu dili bilmezden, halynyň «nagyşlarynyň ýazgysyndan» baş çykaryp bolmaýar». Türkmeniň kalby onuň dünýä beren bu ajap sungatyndaky syrly nagyşlarda öz beýanyny tapýar. Käbir bilermenler türkmen halysynyň nagyşlaryna Oguz han eýýamynyň harp ýazuwy diýseler, Gündogary öwreniji alym S.Dudin özüniň geçiren gözleg-barlag işleriniň netijesinde: «Türkmen halysynyň dokalyş we ýüpleriniň ulanylyş usuly, işiň ýokary derejede ýerine ýetirilişi, pars halylaryndan düýpli tapawutlanyp, onuň has gadymydygyny görkezýär. Türkmenlerde halyçylyk sungaty özbaşdak ösen sungat bolup, türkmen sährasyny, dagyny-düzüni haly çitimleriniň üsti bilen janlandyrýar» diýip belläp geçýär. Ärsary haly dokmaçylygynda iki görnüşli, ýagny «beşir» gölsüz, «kerki» we «gyzylaýak» gölli halylar toparlary bar. Kerki halylarynyň merkezi meýdançasyna göl salynýar. Olara «gülli», «takyk», «sekizgoçak», «oňurga», «temirjen» ýaly göller degişlidir. Gyzylaýak halylarynyň düşegi goýy gyzyl bolup, merkezinde tegelek göller («temirjen» ýa-da «oňurga» göli) ýerleşdirilipdir. Garaöýliniň tagmasyna syn edenimizde, hakykatdan-da, göl özboluşly keýigiň şekiline meňzeýär. Şu sebäpli «keýikgöl» döräpdir diýip pikir edýäris. Bu nagyş