"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Hazar goraghanasy:

Goraghananyň suw giňişliginde pes derejeli suw otlarynyň 41 görnüşi we ýokary derejeli ösümlikleriň 5 görnüşi hasaba alnandyr. Suwda ýüzýän käbir guşlar we balyklar bu otlar bilen iýmitlenýärler. Bu ýerde guşlaryň 122 görnüşi, süýrenijileriň 4 görnüşi, süýdemdirijileriň 3 görnüşi, ýagny, hazar düwleni, keýik we ulugulak kirpi ýaşaýar.

Ösümlik dünýäsi baýlaşýar

Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Tokaý maksatnamasy ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, tokaýlaryň goraglylygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda bu ugurdan geçirilýän çäreleriň göwnejaý guralmagynyň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem baýlaşýar. — Meýilnama laýyklykda goraghananyň çäklerinde her ýylda dürli nahallaryň 14 müň düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl sazagyň 10 müň, sözeniň 3 müň, igdäniň 1 müň düýbi taýýarlanylyp, goraghananyň çäklerinde oturdyldy. Türkmenabatdyň Halkara howa menziliniň töwereginde biziň nahalhanamyzda ýetişdirilen çöl ösümlikler ekildi. Olar menzili çägelerden goramak üçin gorag bolup hyzmat edýär. Goraghananyň tokaýlarynda ýaşaýan sugunlaryň sany 130-a ýetdi. Häzirki wagtda ylmy işgärlerimiz sugunlary we uçup geçýän, gyşlaýan suw batgalyk guşlaryna gözegçilik etmek bilen, olary ylmy taýdan öwrenmek işlerini alyp barýarlar — diýip, goraghananyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow gürrüň berýär.

Oňyn başlangyçlar giň goldaw tapýar

Häzirki döwürde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda sebitleýin we global ekologiki meseleleri çözmek boýunça BMG-niň biologik köpdürlüligi gorap saklamak we artdyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça (Tähran konwensiýasy) Çarçuwaly şertnamasynyň we Orta Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly şertnamanyň hem agzasydyr. Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy we Ýewropa bileleşiginiň döwletleri ýaly beýleki halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy hereket edýär. Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly şertnama esasynda (2021—2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy) Ýewropa döwletleri bilen bilelikde köp işler alnyp barylýar. Türkmenistanda howanyň üýtgemegi babatynda ilkinji Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onda ýaşlar howanyň üýtgemegi baradaky meseleleriň derwaýyslygy barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Gyzykly maglumatlar

Doglandan bir sagat geçensoň, žirafjagaz aýak üstünde durup bilýär we onuň boýy 1,5 metr, agramy bolsa 100 kilograma golaý bolýar.

Tebigat hakda parasatly pikirler

Eger her kim bir bag ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar.Gara Seýitliýew. * * *

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar durmuşyň kepili

Häzirki wagtda bütin dünýäde düýpli meseleleriň biri bolup durýan ekologiýa abadançylygy we daşky gurşawy gorap saklamak adamzadyň esasy wezipesidir. Tebigatyň gözelligi, ýaşyl we gyrymsy agaçlaryň köpdürlüligi dem alýan howamyzy arassalamaga ýardam etmek bilen bir hatarda, ynsan ömrüniň uzamagyna hem itergi berýär. Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri şeýle nukdaýnazarlara eýerip ýaşaýandygy dünýä jemgyýetçiligine mälimdir. Bular barada hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Paýhas çeşmesi» kitapda: «Bag–— ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Edenli adam topragy altyna öwrer» ýaly dürdäne jümleler bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ekologiýa ylmynyň, tebigaty goramagyň we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň esaslary baradaky döwrebap bilimleri bermek we öwretmek bilen bir hatarda, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamaga hem uly ähmiýet berilýär. Ekologiýa ylmynyň möhüm ugurlary bolan adamyň hojalyk işjeňliginiň biosfera täsiri, oba hojalyk, şäher ekoulgamlary, daşky gurşawyň ýagdaýyna ekologik gözegçilik etmek we döwlet ekologik seljermesi, daşky gurşawyň ekologik abadançylygy, adamyň saglygy, adamzadyň häzirki zaman ekologik meseleleri, Türkmenistanyň ekologik kanunçylygy, tebigaty goramak babatynda

Tebigat — biziň öýümiz

Ekologiýa medeniýeti daşky gurşawy goramagyň özenidir Daşky gurşaw biziň ýaşaýşymyzyň esasy çeşmesi bolup durýar. Adamlar daşky gurşawa, mümkin boldugyndan, zyýan ýetirmejek bolmalydyr. Daşky gurşaw hapalanylsa, daşky gurşawdan durnuksyz usulda peýdalanylsa, geljek neslimiziň ýaşaýşyna uly howp abanýar.

Serwi agajy

Baglar, diňe gözellik bolman, eýsem, olar tebigatymyzyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün edip, adamlaryň, janly-jandarlaryň sagdyn bolmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ekin meýdanlarynyň gyralaryna ekilende, tomsuna epgek ýellerden gorasa, gyşyna aňzak şemaldan goraýar. Gadym zamanlardan bäri belli agaçlaryň biri-de serwi agajydyr. Onuň boýy uzyn, piramida şekilli bolup, hemişe gök öwüsýän, örän owadan pürli agaçdyr. Halk döredijiliginde serwi agajynyň owadanlygy, berkligi, uzynlygy çeper deňeşdirme hökmünde-de köp gabat gelýär. “Serwi boýly, serwi kamatly” diýen deňeşdirmeler bilen gelin-gyzlarymyzy taryplamak çeper edebiýata mahsusdyr.

Türkmenistan — bagy-bossan

ATA WATAN — GÖZEL ÜLKE Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ata Watanymyz günsaýyn özgerip, ajaýyp keşbe girýär. Jennet mekan ülkämizde abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak barada edilýän tagallalarda ilatyň saglygyny gorap saklamak bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny gowulandyrmak, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly wezipeleriň berk berjaý edilmegi döwletimizde olaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridiginiň aýdyň güwäsidir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 9-njy fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ykdysady taýdan peýdaly agaç

Dünýäniň köp ýurtlarynda bal berijiligi ýokary bolan ösümlikleri, agaçlary balarylary üçin ýöriteläp köpeltmek işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Şunda raps, günebakar, greçka ýaly ekinleri, lipa, pawlowniýa, akasiýa, igde ýaly agaçlary ýöriteläp ekýärler. Soňky döwürde dürli toprak-howa şertlerine tiz uýgunlaşýanlygy üçin, şeýle hem nektardan daşary ykdysady peýdasynyň köpdügi üçin pawlowniýa agajynyň köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýär. Biz pawlowniýa agajy, onuň häsiýetli taraplary barada gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmen oba hojalyk institutynyň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy, baglaryň dürli görnüşleri barada tejribe-synag işlerini alyp barýan Aýnabat Ataýewa ýüz tutduk. Şonda ol pawlowniýa agajy barada şeýle gürrüň berdi:

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 09-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 7-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 5-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Basyşy 736 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Baglar — Zeminiň görki

Baglar — ýaşaýşymyzyň bezegi, saglygymyzyň goragçysy. Bu barlyga görkanalyk paýlamakda leýlisaçlaryň hem orny uludyr. Bu owadan agajy şahyrlar şygyrlarynda wasp etse, G.H.Andersen «Leýlisaçyň astynda» diýip, tutuş bir ertekisine at beripdir. Bu täsin agaç şekillendirilen iň meşhur surat eserleriniň biri K.Moneniň «Leýlisaçydyr». Leýlisaç söwütler, tallar maşgalasyna degişlidir. Olar baradaky iň irki ýazgylar biziň eýýamymyzyň I asyryna gabat gelýär. Meşhur alym Pliniý ilkinji bolup, öz işlerinde söwütleriň sekiz görnüşini suratlandyrypdyr. Söwütler, leýlisaçlar saglygy goramakda-da giňden ulanylýar. Gadymy Müsürdir Gresiýada ysytmany, sowuklamany söwüt ýapraklarydyr gabygy bilen bejeripdirler. Alymlar onuň dürli böleklerinde peýdaly maddalaryň — taniniň, salidrozidiň, salisiniň, flawonidleriň bardygyny anykladylar. Aspirin taýýarlanylýan salisin turşusyny hem ilkinji gezek hut şu agajyň düzüminden tapdylar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Köýtendagdan geçen kerwen ýollary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň möhüm bölegi bolan gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge giň ýol açyldy. Geçmişde halklary biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek, ony täzeden dikeltmek boýunça hem köp işler edildi. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, täsin binagärlik toplumlarynyň, kümmetleriň ýene birnäçesini bu abraýly halkara guramasynyň sanawyna girizmek baradaky teklipler hödürlenildi.

Seýil etseň Köýtendaga

Gözellikden güllär göwünSeýil etseň Köýtendaga.Kalpda galmaz arman-düwünSeýil etseň Köýtendaga. Şirin zyban dürler saçar Nepes durlap saba ýelden.Pynhan duýgy pyntyk açarSeýil etseň Köýtendaga.