Çomujyň peýdasy
Türkmen topragy — melhemler mekany. Güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny dikeltmekde, bejermekde ähmiýeti örän uludyr. Bereketli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan dürli melhemler özüniň şypa beriji häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem çomuçdyr. Çomujyň boýy 1-1,5 gulaja ýetýär. Onuň iň derde haýyrlysy Garagumuň jümmüşinde bitýän görnüşidir. Çomuç gyzgyn çägede ösüp, tyllaýy Günden we gyzgyn howadan dem alyp ulalýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Çomujy gumuň, dermany emiň» diýip nygtapdyrlar. Çomuç, esasan-da, iç kesellerini bejermekde ulanylýar. Çomuçdan taýýarlanylýan toşabyň adam saglygyna peýdasy örän uludyr. Ol gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde giňden ulanylypdyr. Toşaby taýýarlamak üçin, köplenç, gum çomujy saýlanyp alnypdyr. Sebäbi gum çomujy özüniň süýjüligi bilen tapawutlanýar. Çomuç şiresi (toşaby) bal ýaly tagamly, goýy sargylt reňkde bolýar. Munuň üçin ene-mamalarymyz çomujy pes otda gaýnadyp, ajy, gara köpügini ýüzüne çykan badyna aýryp durupdyrlar. Ahyrynda toşap emele geliberende, sary köpük çykyp başlaýar. Edil gawun-garpyzdan taýýarlanylýan toşaplar ýaly, çomujyň toşabynam saryýaga garyp peýdalanypdyrlar. Oňa «alaçaly ýag» diýilýär. Ony taýýarlamak üçin deriden edilen ýag meşigi alyp, oňa saryýagy guýupdyrlar. Soňra toşaby üstüne salypdyrlar.