Garagumuň sy­ýa­hat­çy­lykdaky äh­mi­ýe­ti

7 Maý 2024
1244

Diýarymyzyň çar künjegini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli özgertmeleri netijesinde ekologiýa syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň tebigatyny goramak, daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmek, bioköpdürlüligi mundan beýläk-de baýlaşdyrmak we erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek babatynda geljegi uly işler alnyp barylýar.

Ekologiýa syýahaty — bu başlangyç durkuny ýitirmedik ýa-da emeli döredilen täsin tebigy gözel ýerlere syýahat etmekdir. Ekologiýa syýahatynyň ýa-da ekosyýahatyň daşky gurşawyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda uly orny bar. Syýahatyň bu görnüşiniň beýlekilerden, esasan, üç aýratynlygy bar. Ilkinji nobatda, tebigaty öwrenmek, ýagny, ýurduň ýa-da şäheriň geografiki ýerleşýän ýerine baglylykda, tebigatyň aýratynlygyny öwretmek. Ikinjiden, ekoulgamy gorap saklamak — tebigatda ýitip, ýok bolup barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerine syn etmek bilen, syýahatçylary şol çärelere gatnaşdyrmak. Üçünjisi bolsa, ýerli halkyň bähbitlerine hormat goýmak bilen, olaryň işlerine giň gerim bermek üçin ykdysady taýdan goldamak. Ekosyýahatyň esasy görnüşlerine ylmy syýahat, taryhy, tebigy ýerlere syýahat, gyzykly gezelençli syýahat (welosipedli we pyýada), goraghanalara we tokaý parklaryna syýahat degişlidir. Ekosyýahata biziň ýurdumyzda uly üns berilýär.

Gül­zar AŞY­RO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar