Maşgala — mukaddes ojak
Gyzy Bägüliň ýatymlaýyn myhmançylyga geljegini eşiden Bossan ene muňa diýseň begendi. Gelni bilen maslahatlaşyp, onuň gowy görýän tagamlaryny taýýarlamagyň ugruna çykdy. Aşhana kendirik ýazyp, ululy-kiçili aştagtalary, oklawlary, elekdir duzgaby alyşdyrdy. Öýmesini başyna orap, öňlügini pugta guşanyp, hamyr ýugurmaga duran Bibigözele gaýta-gaýta: «Gyzym, hamyryň başyny gatyja tutgun. Ýogsam gutaplar ýaga bişirilende ýarylagan bolýandyr. Gaýynekejiň bolsa içi çorbalyja gutaby halaýandyr» diýdi. Sözüni tamamlap-tamamlamanka, gapynyň jyňňyrdysyny eşidip, ýerinden galdy. Bibigözelem ätiýajy elden bermän, çyzgan ýeňini aşak goýberdi-de, başyndaky öýmesini çözüp, onuň bir ujuny ýaşmak edindi. Gapydan ýylgyryp giren gaýynekejisini görübem rahatlandy. Soňam: «Senmi gyz, bu? Atamyz geläýdimikä diýip, ber-başagaý bolup durun. Geleweri-de-geçeweri. Tüweleme, Daýanç janam mama geldimi? Hany, balajyk, salamlaşaly!» diýip, olary mähir bilen garşylady. Bägül Bibigözeliň eginlerine kakyp, salamyny aldy. Ejesini bagryna basyp durşuna, gelne öz hoşallygyny bildirip ýetişdi: «Gelendiris gyz, özem kakamyzdan rugsatly geldik. Nesip bolsa, Nepes janyň doglan gününem geçirip, birigün gideris» diýdi. Birsalym soraşyp-ideşenlerinden soň, günortanlygyň ugruna çykyldy. Biş-düşe höwesli Bägül öňki edähedine görä gatyja hamyr ýugrup, käbesini begendirmek isledimi ýa-da uzakly gün hysyrdanypjy