Edepli ile ýarar

17 Iýun 2021
1565

Edep dürdäneleri hakynda köp okansyňyz, olar dogrusyndaky tymsallardyr rowaýatlar hem ýadyňyzdadyr. Köpçülik ýerlerinde ulularyň çagalara özlerini alyp barmak bilen baglanyşykly käbir wesýetleri berýän pursatlaryna şaýat-da bolansyňyz. Emma meniň perzent edebi, perzent zehini barada pikir öwürmegime, iş sapary bilen welaýatdan gaýdyp gelýärkäm otluda bir küpede ýoldaş bolmak nesibäme ýazylan enäniň aýdan sözleri sebäp boldumyka diýýän. Üstünden köp wagt geçenem bolsa, köpügören enäniň aýdanlary pikir-hyýallarymdan daşlaşyberenokdy. Ene edepli perzentler barada söz açyp: «Dünýäde rysgal örän köpdür, ol rysgalyň gymmatyny mal bilen kesgitläp bilmersiňiz. Seni söýýän perzentleriň bardygy hem rysgaldyr. Oňat terbiýeli, ata-enesiniň diýenini edýän ogul perzent hem rysgaldyr. Perzent edebi, perzent zehini nesibäňe atylan nygmatdyr» diýipdi. Enäniň bu sözleri meni köp oýlandyrdy. Oýlandygymça-da kalbym giňeýär, ýüregim aram tapýar. Göz dikip ýetişdirýän ogul-gyzyň edebi bilen ile ýarap, zehini bilen halkyna, Watanyna hözir berip bilse, ene-atanyň ondan başga bagty islemejegi görnüp durandyr.

Il-günüň oňlaýan, halkymyzyň iň eý görýän perzent terbiýesi maşgalada pyntyk ýaryp, ol soňlugy bilen jemgyýetde täsin bag ýaly boý alyp, gülläp, miwesini eçilýär. Ile ýaraýan perzentler ene-atasyny, obasyny, milletini, Watanyny beýgeldýärler. Olar edil Arşdan inen datly nygmat kimin arzyly hem sarpalydyrlar. Şonuň üçin ata-babalarymyz edep-terbiýeli, bir hünäriň başyny tutan perzentleri ýetişdiren maşgalany adam çykýan, döwletli maşgala hasaplapdyrlar. Beýle maşgalalar syrgynyň, obanyň, hatda goňşy obalaryň hem sylag-sarpa goýýan ojagy bolupdyr.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar