"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ikinji gezek kuboga mynasyp boldy

Geçen hepdäniň şenbe güni futbol boýunça Germaniýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Onda «Kaýzerslautern» hem-de «Baýer» toparlary duşuşdylar. Berlin şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda geçirilen oýun «Baýeriň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk gol 17-nji minutda Granit Jaka tarapyndan geçirildi. Duşuşyk barada ýene bir bellenilmeli zat, oýnuň 44-nji minutynda «Baýeriň» oýunçysy Kossunu gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Ýöne muňa garamazdan, «Baýer» ýeňşi gorap saklamagy başardy.

Tälimçiler täzelenýär

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň esasy toparlarynyň birnäçesi baş tälimçilerini işden boşatdy. Hususan-da, «Ýuwentus» Allegriniň, «Barselona» Hawiniň, «Milan» Pioliniň, «Çelsi» bolsa Poçettinonyň öz wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Galyberse-de, «Bawariýanyň» Tomas Tuhel bilen, «Liwerpulyň» bolsa Ýurgen Klopp bilen hoşlaşjakdygy möwsümiň ortalarynda belli bolupdy. Tälimçisi bilen hoşlaşan top klublaryň sanawyna ýakyn wagtda «Mançester Ýunaýtediň» hem goşulmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu toparlaryň haýsyna kimiň baş tälimçi boljakdygy baradaky habarlar hemmeleri gyzyklandyrýar. Ýewropa metbugaty «Barselona» geljek möwsümde Hans-Dýuter Flikiň (häzirki wagtda işsiz), «Ýuwentusa» Týago Mottanyň (häzirki wagtda «Bolonýanyň» tälimçisi), «Çelsä» Kiran Makkenanyň (häzirki wagtda «Ipsiwiçiň» baş tälimçisi), «Bawariýa» Wensan Kompaniniň (häzirki wagtda «Býörnliniň» baş tälimçisi), «Milana» Paulu Fonsekanyň (häzirki wagtda «Lill» toparynyň baş tälimçisi), «Mançester Ýunaýtede» Maurisýo Poçettinonyň ýa-da Tomas Tuheliň (ikisi hem işsiz) tälim berjekdigi barada ýazýar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Ga­ra­we­kil oba­syn­da­ky sport mek­de­bin­de TDP-niň Ba­ba­daý­han et­rap ko­mi­te­ti, et­ra­byň Be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi hem-de beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­dä­ki düz­gün­na­ma la­ýyk­lyk­da 2006-njy ýyl­da dog­lan we on­dan ki­çi ýaş­da­ky ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da mil­li gö­reş we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Aşgabat — sportuň gülläp ösýän merkezi

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de 2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýynda Aşgabat ak mer­merli bi­nalaryň has köp jemlenen şähe­ri hökmün-de Ginnesiň rekordlar ki­tabyna girizildi. Şol se­ne­den baş­lap, her ýy­lyň 25-nji ma­ýy Aş­ga­bat şäheriniň güni hökmünde bellenilip baş­landy. Ak şä­he­ri­miz Aşgabat özü­niň özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine, sport mer­ke­zi­ne, sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Spor­ty ös­dür­mek ul­ga­myn­da tä­ze­çil­lik stra­te­gi­ýa­sy­nyň ba­şy­ny baş­lan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de kuw­wat­ly we döw­re­bap, kö­pu­gur­ly dü­züm ke­ma­la gel­di. Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň dün­ýä­de iň uly atyň keş­bi hök­mün­de, Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň dün­ýä­de iň uly üs­ti ýa­pyk suw­da ýü­züş how­zy hök­mün­de, 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da 3 müň 246 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len we­los­port bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça iň köp adam­ly we­los­port okuw sa­pa­gy hök­mün­de hem-de 2019-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz­da 2019 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len «Iň do­wam­ly, bi

Bir gün­de iki şat­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar ýüz­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bol oýun­çy­la­ry­na be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren şeý­le­räk bir wa­ka — BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­men fut­bol­çy­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu gün­de dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni hem bel­le­ýär. Il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän bu baý­ram türk­men fut­bol­çy­la­ry­nyň şat­ly­gy­ny go­şa­lan­dyr­dy.

Ýeňiş — meşhur toparda

25-nji maýda ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Arkadag» futbol topary «Şagadamy» kabul etdi. «Akylly» şäheriň «Arkadag» stadionynda geçen oýunda hasaby açan tarap «Şagadam» boldy. 14-nji minutda Röwşen Begjanowyň goly bilen öňe saýlansalar-da, olara hasaby goramak başartmady.  Arkadaglylaryň jogaby gijikmedi. Olara deňlik getiren goly 20-nji minutda Şanazar Tirkişow geçirdi. Oýnuň 32-nji minutynda Abdy Bäşimowyň goly bilen «Arkadag» topary 2:1 hasabynda öňe geçdi. Duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. Duşuşykdaky dördünji goly oýnuň ahyrynda «Arkadag» futbol toparyndan Begenç Akmämmedow öz adyna ýazdyrdy.

Ýö­rel­gä­miz — sport we sag­dyn­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de sport sy­ýa­sa­ty­na uly üns be­ril­ýär. «Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy» şy­ga­ryn­dan ugur alyp, mäh­ri­ban hal­ky­myz yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýär­ler. Şeý­le hem, ýaş ýet­gin­jek­le­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­le­riň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, sport ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, sport bäs­le­şik­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň sag­dyn ösü­şiň we sag­dyn ýa­şaý­şyň mekanydygyna şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport we gözellik

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň peş­geş be­ren aja­ýyp za­ma­na­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­mak bi­ziň jan sag­ly­gy­my­za uly täsirini ýetirýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ýur­du­myz­da tä­ze-tä­ze des­ga­lar gu­r­lup ulan­ylma­ga be­ril­ýär.

Woleýbolçylarymyzyň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmen woleýbolçylary final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Serdar Täçnazarowyň şägirtleri finalda ýer eýeleri bolan Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda asgyn geldiler.

Baýramçylyk sowgady

Paýtagtly türgen Alymmuhammet Kakalyýew ýetip gelen baýramy – Aşgabat şäheriniň gününi sowgatly garşylady. Ol Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde tamamlanan «Karate 1 Ýaşlar ligasynyň» dünýä tapgyryndaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy bu üstünligi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 55 kg çenli agram derejesinde kumitede gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu türkmen türgeniniň halkara ýaryşlaryndaky ilkinji medaly däldir. Alymmuhammet şu ýyl Fudžeýrada (BAE) geçirilen hut şeýle derejedäki bäsleşikde bürünç, Samarkantda guralan Merkezi Aziýanyň karate boýunça 9-njy çempionatynda altyn medallara mynasyp boldy.

Çekeleşikli tutluşyklar

Golaýda 2007 – 2009-njy hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sambo boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Mekdebiň «Köpugurly» sport zalynda guralan ýaryşlaryň her birine 100-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn hasap boýunça birinji orna Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi eýe boldy. 34 kg-de Gurban Rejepow, 38 kg-de Allanur Seýitkulow, 42 kg-de Ybraýymbeg Baýramgylyjow, 46 kg-de Ýusup Atabaýew, 50 kg-de Resul Geldiýew, 55 kg-de O.Hudaýberdiýew, 60 kg-de Daniýel Rustamow, 66 kg-de B.Gulmuhammedow, +70 kg-de bolsa Hezret Hoşgeldiýew dagy 2007–2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary bu tapgyrda öz meýdanynda «Energetik» bilen duşuşyp, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çempionatdaky bassyr 14-nji ýeňşini gazanan Arkadag şäheriniň adybir topary ýaryş tertibinde ynam bilen birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Sport mekdeplerinde

Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli guralan ýaryşa 5 topar gatnaşdy. Final duşuşygynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň topary Ak bugdaý etrabynyň toparyndan 6-1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiji bolmagy başardy. Kaka etrabynyň topary 3-nji orny eýeledi. Baýrakly orunlary eýelän toparlara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Türkmenistanyň çempionaty

Bu gün ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşikler ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşleri boýunça has-da kämilleşmeklerine şert döredýär, tejribe mekdebi bolup durýar. 15 – 21-nji maýda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäherinde guralan ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan toparlar gatnaşdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň türgenlerinden düzülen paýtagtyň topary 1-nji orny eýeledi. Olary bu ýaryşa G.Narbaýewa, O.Kobzewa, S.Hannyýewa dagy taýýarlady. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Maýsa Raimowa, Aýşa Rejebowa, Diana Ýeremeýewa, Anna Begjanowa has-da tapawutlandylar.

Paýtagt habarlary

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň sport zalynda 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy, 2010-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň hem ýetginjekleriň arasynda uşu boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşa 120 türgen gatnaşdy. Türgenler ýaş aýratynlyklary boýunça öz agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşlar boýdan-başa gyzgalaňly we çekeleşikli pursatlara baý boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa Mary welaýatynyň etraplaryndan we şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Murgap etrabynyň türgenlerinden Atabally Batyrow 65 kg agramda 1-nji, Şaruh Berdiýew 110 kg-de 2-nji, Rüstem Parahadow 60 kg-de, Guwanç Çaryýew 51 kg-de, Agaçary Saparow 51 kg-de 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ahyrynda türkmen sportuny belende galdyrýan, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdyldy.

Sportuň olimpiýa görnüşi

Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan ýaý atmak öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda Halkara ýaý atmak federasiýasy FITA ady bilen hereket edip, onuň düzümine 140-dan gowrak döwletiň milli federasiýalary girýär. FITA-nyň edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, ýaý atyjylaryň ýene bir birleşmesi bolup, ol EMAU diýlip atlandyrylýar. 1900-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaý atmak boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şondan soňra dünýäniň iň uly ýaryşlarynda sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler 1920-nji ýylda geçirilen tomusky Oýunlaryna çenli guralýar. 1972-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen tomusky Olimpiadada ýaý atmak boýunça ýaryşlar gaýtadan dikeldilýär. Şondan bäri sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna yzygiderli girizilip gelinýär we erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda guralýar.

Taryhda şu gün

Üç gezek Olimpiýa çempiony bolan bu tanymal türgeniň şol günki görkezijisi 98 metr 48 santimetre deň bolýar. Bu dünýä rekordynyň häzirki wagta çenli saklanyp gelýändigini bellemek gerek. Ýeňil atletikanyň naýza zyňmak görnüşiniň taryhynda hasaba alnan netijelerde türgenleriň diňe 22-si 90 metrden geçýän netijäni görkezmegiň hötdesinden gelipdir.

Zwe­re­wiň 2-nji, Şwen­te­giň 3-nji ýeňşi

Ten­nis bo­ýun­ça Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de ge­çi­ri­len «Ita­li­ýa Açyk Mas­ters» ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 3-nji orun­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly Alek­san­der Zwe­rew bi­len 21-nji bas­gan­çak­da­ky çi­li­li Ni­ko­las Ýar­ri du­şuş­dy. 81-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da Zwe­rew gar­şy­da­şy­ny 6:4, 7:5 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, Rim­de 2017-nji ýyl­dan soň 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 22-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Mad­rid­den soň Rim­de-de ýeň­di

Agyr ag­ra­myň äh­li de­re­je­si­niň eýesi bol­dy

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da ta­ry­hy tut­lu­şyk bol­dy. Şon­da bri­ta­ni­ýa­ly Taý­son Fýu­ri bi­len uk­rai­na­ly Alek­sandr Usik öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Agyr ag­ra­myň ab­sol­ýut çem­pi­on­ly­gy ug­run­da­ky tut­lu­şyk­da Usik gar­şy­da­şy­ny 9-njy raund­da nok­dawn bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 12 raund­lap do­wam eden tut­lu­şyk­da emin­ler şol nok­daw­nyň Usi­giň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Bu ýe­ňiş bi­len Usik gar­şy­da­şy Taý­son Fýu­ri­den WBC-niň çem­pi­on­ly­gy­ny al­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, Usik agyr ag­ram­da 4 de­re­jä­niň hem eýe­si bo­lup, ol 2021-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da An­to­ni Jo­şua­ny ýe­ňip, WBA, WBO, IBF çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny alyp­dy. Usik soň­ky 25 ýyl­da agyr ag­ram de­re­je­sin­de çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­nyň 4-si­niň hem ab­sol­ýut çem­pio­ny bo­lan il­kin­ji boks­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Usik­den öň soň­ky sa­par Len­nos Lýu­wis 1999-njy ýyl­da Ewan­der Ho­li­fil­di ýe­ňip, agyr ag­ram­da 4 çem­pi­on­lyk gu­şa­gy­ny hem eýe­läp­di. 37 ýa­şyn­da­ky Usik kar­ýe­ra­syn­da­ky 22-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, ol şu wag­ta çen­li bir sa­par hem ýe­ňil­me­di.