Ynsanperwer ýörelgeler
Döwletimiz çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň hem-de olaryň ruhy ýörelgeleriniň kemala gelýändigine doly göz ýetirmek bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. Bu gün şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.