Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara hyzmatdaşlygy
«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, sport diplomatiýasy we halkara sport gatnaşyklary giňden ösdürilýär. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Iri halkara derejesindäki sport guramalary, federasiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýan Türkmenistan sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanylmagy bu ugurda gazanylýan uly üstünliklerdir. «Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça 2024-nji ýyl üçin here