Bulary bilmek gyzykly

18 Aprel 2021
3133

Okapi

Okapi täsin keşpli hem-de häsiýetli jandardyr. Onuň daşky keşbi ata meňzese, endamyndaky zolaklary zebranyň ak-gara zolaklaryna çalymdaşdyr, kellesidir «şahy», uzynlygy 40 santimetre ýetýän dili bolsa žirafyňky ýalydyr. Okapi žiraflaryň ýakyn garyndaşydyr. Bu jandaryň tüýi mahmal ýaly mymyk bolup, goňur öwüşgindedir, aýaklaryndaky ala zolaklar bolsa ak-gara reňkdedir.

Taýýarlan Arslan AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar