Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi: baş maksat — adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak

30 Oktýabr 2024
314

Gazetimiziň 23-nji oktýabrdaky sanynda paýtagtymyzda täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, onda ýola goýulýan işler we bu döwrebap merkeziň mümkinçilikleri barada söhbet edipdik. Bu gün bolsa 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda açylyp ulanmaga berlen beýleki bir täze saglygy goraýyş desgasy — Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, onda guramaçylykly alnyp barylýan işler, şeýle hem merkeziň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary bilen okyjylary giňişleýin tanyşdyrmagy makul bildik.

Ilki bilen, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň öňüsyrasynda, 4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beýleki birnäçe ugurdaş resminamalar bilen bir hatarda degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu resminama «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlaryň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen kabul edildi. Agzalan mejlisde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň döredilmegi we onda ýola goýulýan işler bolsa gönüden-göni bu ugurdaky wajyp wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine, şol sanda köp duş gelýän keselleri halkara ölçeglere görä, innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap bejermäge, ylmy barlaghana işlerini netijeli guramaga gönükdirilendir.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar