«Ýaşyl» we «akylly» şäher — täze eýýamyň nyşany

2 sagat öň
3

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary esasynda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheri entek taryhymyzda, şol sanda tutuş sebitde görlüp-eşidilmedik iri şähergurluşyk taslamasydyr. Ol bary-ýogy dört ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp eteginde dörän iň döwrebap şäherdir. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzir onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli amala aşyrylýar.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan başlangyçlaryň hem-de çözgütleriň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki zaman şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol ýurdumyzda başy başlanan uly maksatlaryň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar