Kämil şäher — ajap sungat eseri

6 sagat öň
9

Milli Liderimiziň ylhamyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän täze şäherde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärli çemeleşilip, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde has-da
rowaçlanýar.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleriň takyk bolmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

«Adalat».
Beýleki habarlar