Halk maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň binýady

6 sagat öň
11

Her bir jemgyýetiň geljege tarap hereketiniň öz aýratynlygy bolýar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlap bilen bolsa, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly we ünsli garaýar. Çünki adamlar şu günki gazanylan üstünlikleriň has belent derejesine geljekden garaşýarlar. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyzdan miras galan ýaşuly nesle geňeşme däbini halkymyz özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap aldy hem-de bu asylly däbe yzygiderli eýerýär.

Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edýär. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmekde olaryň parasatly maslahatlaryna ýokary baha beripdirler. Ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigini tassyklaýar. Halkymyzyň taryhy hakydasynda saklanyp galan we milli özboluşlylygyny beýan edýän hut şol asylly däpler häzirki wagtda döwrebap dowamyny tapýar.

Artykmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdirliginiň müdiri.
Beýleki habarlar