Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň şanly ýylyň şygaryna öwrülmegi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar, olary beýik üstünliklere, ösüşlere ruhlandyrýar. Milli edebiýatymyzda-da, dünýä edebiýatynda-da Magtymguly Pyraga bagyşlanylyp döredilen şygyrlaryň, kyssa eserleriniň ençemesi bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry beýik şahyrymyzyň edebi keşbini, eserlerindäki umman ýaly çuň, asman ýaly çäksiz pähim-paýhasy, pelsepäni çeper we doly beýan edýändigi bilen has ähmiýetlidir.
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda Magtymguly Pyragynyň: «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, //Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen dürdäne setirlerini okamagy şahyryň eserlerinde ündelýän pikirleriň, beýan edilýän duýgularyň umumadamzat ähmiýetine eýedigini alamatlandyrdy.