Halkymyzda dürli ösümlikler, jandarlar barada hem dürli rowaýatlar döredilipdir. Şol rowaýatlar bolsa adamlaryň tebigata ýakynlygynyň anyk subutnamalarydyr. Ynha, şolaryň käbirleri barasynda. Derek rowaýatynda şeýle diýilýär: «Ir döwürlerde iki sany döwletiň ikisiniň-de patyşasy diýseň mertebeli adamlar bolupdyrlar. Olar ilatyň bolçulykda we erkinlikde ýaşamagy üçin ähli şertleri döredipdirler. Özleri-de birek-biregi bilen gowy dil tapyşypdyrlar we bularyň dostlugy ýyllaryň geçmegi bilen has-da berkäpdir. Patyşalaryň maşgalasy hem il-güne görelde, gowy adamlar ekeni. Olaryň biriniň gyzy, beýlekisiniň hem ogly bar diýýär. Patyşalaryň perzentleriniň juda akyllylygyny hem-de zehinliligini, düşbüligini ilat olaryň sahawatly, adyl patyşa bolandyklary üçin diýip düşündiripdir. Iki patyşa guda bolupdyr, iki ýurduň ilatynyň hem dostlukly gatnaşyklary has ýygjamlaşypdyr. Ilat şeýle bir toý tutupdyr, kyrk gulakly gazanlaryň ýetmiş ikisi gaýnap, bagşy-sazandalaryň owazyndan baglar pyntyklap, gunçalapdyr diýip, muny öz gözleri bilen gören ýaly edip gürrüň beripdirler.
Toý güni şazada bilen şa gyzy gapylarynda päkligiň alamaty hökmünde nahal oturdýarlar. Olaryň oturdan derekleri gün-günden boý alyp, ullakan daragt bolup ýetişýär. Özi hem şol derekleriň başynyň akdygyny görüp, adamlar bu iki juwanyň ýürekleriniň şeýle akdygyna guwanypdyrlar, bagyň agaryp görünmegi olaryň ak ýüreginiň alamaty diýip ynanypdyrlar. Bu derekleriň ýapragy hem beýleki baglaryňka meňzemeýär: şeýle bir tekiz, bu tekizlik olaryň dogruçyllygyny aňladyp, adamlaryň göwnüni göteripdir. Agajyň syrdamdan gönüdigi hem ýaşlaryň adalatly ýoldadyklaryny, hiç haçan ýalana gol bermejekdiklerini ykrar edýär diýip, bu agaja höwesli garapdyrlar. Ýöne «haýp» diýdirýän ýeri, aradan birnäçe ýyl geçse-de, iki dostuň agtyk görmek baradaky arzuwy amala aşybermändir. Tebipler em baryny edipdirler, akyldarlar kelle döwüpdirler, munuň alajy welin tapylmandyr. Ahyrynda şa gyzy şazadanyň ýanyna barýar-da, oňa özüniň möhüm bir maslahatynyň bardygyny aýdýar.