Älemi nurlandyrýan ýagşylyk ýalkawy

16 Sentýabr 2024
31

Agzybirlik. Ynsanperwerlik. Dost-doganlyk. Dünýä döräli, gör, näçe müň ýyl bäri jahanyň çar ýanyna ýaýrap, hemişe has gowy durmuşa ymtylýan adamzat kowmy üçin bu düşünjeler häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Her bir ynsanyň ömür ýolunda paýhasynyň goýalyp, ýüreginde ýagşylyk duýgusynyň, aňynda ynsanperwer düşünjeleriň barha artyşy ýaly, heňňamlaryň hupbatlaryny ýeňip geçip, nesilleri üçin röwşen geljegi gurmagy arzuwlaýan adamzadyň hem pähim-parasady çuňlaşýar. Şol çuňlukdan gözbaş alýan ýagşylygyň beýik güýji arzyly maksatlara ýetmäge tekge berýär. Gadymy tymsaldaky: «Wagt bilen ýaryşyp, bütin älemi eýelemek isleýänler üçin dünýä diýseň uly görünýär. Emma ýagty jahan bilen sazlaşykda ýaşamagy öwrenen adam bolsa, onuň örän kiçidigini bilýär» diýen sözlerde dünýäde ynsan bolup ýaşamagyň beýik hakykatlarynyň biri şöhlelenýär.

Soňky iki asyra barabar döwürde ylmyň we tehnikanyň ýyldyrym çaltlygynda ösmegi ynsanyýete ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçiliklere ýol açdy. Geçen bir asyra barabar döwürde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň örän çalt kämilleşmegi bolsa diňe bir dagdyr derýalaryň däl, eýsem, ummanlaryň aňyrsyndaky halklaryň hem ýaşaýşy, pikir-hyýallary, bilim-başarnyklary we zerurlyklary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň esasynda-da, adamzat dünýäniň onçakly uly däldigine göz ýetirýär. Emma beýle diýildigi Ýeriň sekiz, dokuz ýa-da on milliarddan agdyk adamy ekläp-saklamaga gurbunyň çatmajakdygyny aňlatmaýar. Sazlaşykly ýaşamagyň, ynanyşmagyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dünýäde has köpräk ynsan üçin hem bolelin ýaşaýşy üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini alymlar ynam bilen aýdýar. Şeýle asylly maksada ýetmek üçin bolsa ukyp-başarnygyňy, niýet-päliňi, ylmyňy hem ynamyňy ýagşylyga gönükdirmek zerur bolup durýar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar