Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyzyň taryhy, medeniýeti we edebiýaty düýpli esasda öwrenilýär. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň çäklerinde Magtymguly öwreniş ylmynda söz ussadynyň döredijiligi ähli taraplaýyn öwrenilmekde uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň şöhratly edebi çeşmelerimizi hemmetaraplaýyn çuňlaşdyryp öwrenmegi üçin giň ýol açyp berýär.
XVIII asyryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy şamçyragy hökmünde çäksiz hormata eýedir. Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde we onuň çäginden daşynda Magtymguly hakyky halk şahyry, möhüm durmuş gymmatlyklaryndan oňat baş çykarýan öňden görüji akyldar, goja zeminiň, halkyň hupbatlaryndan habardar ussat pelsepeçi, aýratyn-da, türkmen nusgawy edebiýatynyň we türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň şygryýet älemi türkmen edebiýatynda täze sahypany açyp, adalatlylyk, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik düşünjeleriniň şöhlelenmesi bolup durýar. Şeýlelikde, ol öz döwrüniň çeperçilik, ylmy, jemgyýetçilik düşünjeleriniň ösüşinde iň ýokarky derejeleri şöhlelendirýär.