Türkmenistan — Owganystan: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

13 Sentýabr 2024
29

11-nji sentýabrda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdy.

Ir bilen Mary welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna bardy. Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bu ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Molla Mohammad Hasan Ahundy bilen duşuşygy boldy.

«Watan».
Beýleki habarlar