(Hekaýa)
Ýetmiş ýaşy arka atyp, segsene ser uranam bolsa, Nurberdi aga entek «kaddy dik, süýegi sagdyn» diýilýänlerdendi. Özem biziň göwnümizemi, ýa asly ýasalyşy şeýlemi, onuň ýüzi haçan göräý, gaharly ýa-da bir zatdan närazy ýalydy. Biz-ä entek ýetginjek, elli ýaşap barýan kakam we onuň hatardaşlaram onuň ýanynda özlerini birhili ýygra alyp barýan ýalydy. Şonuň üçin biz ony görsek, diňe: «Salawmaleýkim, Nurberdi aga!» diýmekden aňry geçmeýärdik. Olam başyny atyp, çalaja «Gurgunmysyňyz ýigitler?» diýmek bilen çäklenerdi. Onuň ýene-de bir täsin tarapy, haçan ýa-da kime duşaýsyn, başyny ýaýkap: «Haý, bolşuň gursun, biz seniň ýaşyňdakak...» diýip hüňürdär-de, ýoluny dowam edibererdi.