Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

29 Awgust 2024
57

28-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Aýatolla Ali Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar bolsa, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

Beýleki habarlar