Is­pa­ni­ýa 32 ýyl­dan soň al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy

16 Awgust 2024
110

Pa­riž 2024-de er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fut­bol ýa­ry­şyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň Olim­pi­ýa to­pa­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Olar Pa­riž­dä­ki «Park de Prens» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­ny goş­ma­ça wagt­da 5–3 ha­sa­byn­da ýeň­di (Fer­min Lo­pes 18, 25, Bae­na 28, Ka­mel­ýo 100, 120+1 — Mil­lo 11, Ak­liu­çe79, Ma­te­ta 90+3 p). Şeý­le­lik­de, Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1992-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar 1920-nji, 2000-nji we 2020-nji ýyl­lar­da-da fi­nal­da ýeň­lip­di. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan soň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň hem çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, bir ýy­lyň do­wa­myn­da bu iki ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan 2-nji ýurt hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu ugur­da 1-nji ýurt Fran­si­ýa bo­lup, olar 1984-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn me­da­ly­ny ga­za­nyp­dy­lar.

Fran­si­ýa­nyň Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy 40 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek al­tyn me­dal ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di. Fran­suz­lar 1900-nji ýyl­da­ky Pa­riž­de ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan 124 ýyl soň ýe­ne-de bu şä­her­de gu­ra­lan Olim­pia­da­nyň fut­bol ýa­ry­şyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. 1900-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa al­tyn me­da­la eýe­lik edip­di. Şol bir wag­tyň özün­de Fran­si­ýa EURO 2016-dan soň Pa­riž 2024-de hem öz meý­dan­ça­syn­da­ky fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

Beýleki habarlar