Körpe küştçüler kämilleşýärler

14 Awgust 2024
135

Küşt körpeler üçin iň gyzykly we täsin oýunlarynyň biridir. Çagalaryň pikirleniş, hasaplaýyş, akyl ýetiriş endiklerini ösdürmekde bu oýnuň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin küşte «akyl-paýhas oýny» hem diýilýär. Çagalaryň kiçilikden küşte içgin gyzyklanmalary bolsa olary geljekde ussat türgen bolmak baradaky arzuwlaryna tiz ýakynlaşdyrýar. Biziň welaýatymyzda hem geljegine uly bil baglanýan ýaş küştçüleriň birnäçesi kemala gelýär. Olar welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, barha kämilleşýärler.

Aýa we Güneş Baýramowalar, Mähri Agamyradowa, Begmyrat Agamamedow, Laçyn Isaýewa, Hangeldi Myradow... Bular diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzda hem tanalýan ýaş küştçülerdir. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewanyň kämillik mekdebini geçýän bu ýaş zehinler yzygiderli türgenleşikleriň netijelerinde öz başarnyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar ýakynda «Ýeňişlerden ýeňişlere» diýen at bilen geçirilen welaýatyň birinjiliginde hem nobatdaky gezek iň ýokary netijäni görkezen türgenleriň sanawynda öňdeligi eýelediler. Laçyn Isaýewa we Hangeldi Myradow Güljahanyň iň körpe şägirtleri bolsalar-da, özlerine bildirilýän ynama ýeňişleri bilen jogap berýärler. Olar 6 ýaşlylaryň arasynda eýýäm birnäçe gezek welaýatymyzyň birinjiligini eýelediler. Şeýle hem Laçyn küştüň çalt oýnalýan görnüşi boýunça 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda-da öňdäki orunlara dalaş edýär. Oglanlaryň arasynda geçirilýän şeýle ýaryşlarda bolsa Hangeldiniň we Begmyradyň netijeleri tälimçini has-da begendirýär. Welaýatymyzyň bu körpe çempionlary öz ýaş derejeleri boýunça üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde hem üstünlikli çykyş etmegi başardylar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar