Sagdynlygyň hem sportuň mekany

14 Awgust 2024
109

Ýurdumyzy bedew badyndaky ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren paýhasly başlangyçlaryny ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy üçin ägirt uly tutumlaryň durmuşa geçirilýändigine ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary halkyň hyzmatynda. Olar bagtyýar raýatlaryň saglygyny goramagyň, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň nyşanydyr.

Ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmakda, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, abadançylygyny ýokarlandyrmakda, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda ýurdumyzda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigine «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi aýdyň subutnama boldy.

Kuwat BUGRAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar