Sagdyn jemgyýet — ösüşiň kepili

18 Aprel 2024
414

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlar uly rowaçlyklara beslenýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryna çuň mazmun bermek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has belende göterýär.

Aýna ŞUKUROWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň esasy maslahatçysy.
Beýleki habarlar