"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Burawlanylýan guýularda buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almagyň usullary

Nebit we gaz ýataklarynyň önümçiliklerini talabalaýyk netijeli ýola goýmak buraw erginleriniň himiki düzümine we häsiýetlerine bagly bolup durýar. Esasan hem, önümçiligi ýokarlandyrmak, ýagny nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almak wajyp meseledir. Buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almak üçin kolmatantlaryň kompozisiýasy dürli granulometriki düzümli dolduryjylar görnüşde (hek daşy, mermer, dolomit, mel, gyryndylar we beýlekiler) ulanylýar.

Ýurduň kuwwatly güýji

Ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň binýady, möhüm şerti bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynda dünýä ylmynyň gazananlarynyň we tejribesiniň giňden peýdalanylmagyna, düýpli, tejribe ähmiýetli ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralaryna, ýokary we orta okuw mekdeplerine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Internetiň üsti bilen dünýäniň ylmy binýadyna elýeterli tehnologiýalar, elektron kitaphanalary döredilýär. Bu şertler türkmen ýaşlaryny ylym ulgamyndaky täze açyşlara ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýär. Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýýär.

Geljegi uly himik

Türkmenlerde «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňini» diýen parasatly söz bar. Bu pähim türkmeniň owal-ahyrda ylma, bilime teşnedigini, sowatly adamlara hormat goýýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, sözüň doly manysynda, ylymlaryň we bilimleriň eýýamyna öwrüldi. Mährijemal Gündogdyýewa Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy. Daşyndan seredeniňde ol öz deň-duşlaryndan o diýen saýlanyp baranok, adaty mekdep okuwçysy. Ýöne onuň bilen himiýa hakynda gürrüň etseň, ony deň-duşlaryndan tapawutlandyrýan, nähilidir bir aýratynlygyň bardygy äşgär bolýar. Mährijemal öz geljegini ylymsyz asla göz öňüne getirip bilmeýär. Täze ylmy açyşlary edip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak — Mährijemalyň baş maksady. Yhlasly gyzyň uly himik bolmak arzuwy öz miwesini hem eçilip başlady. Ol üstümizdäki ýylda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa dersi boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Ýakynda bolsa Mährijemal Özbegistanyň Hywa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Abu Reýhan Al Biruny adyndaky halkara olimpiadasynda bürünç medalyň eýesi boldy. Bäsleşige 15 ýurtdan 110-dan gowrak ýaş himikleriň gatnaşandygyny ýatlasak, onda Mährije

Ylym — ösüşleriň özenini düzýän gymmatlyk

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylymlar güni mynasybetli guralan bu forum ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, mugallymlar we ýaş oýlap tapyjylar bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Diýarymyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlaryň taýýarlan innowasion taslamalarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň synag-tejribe we eýýäm önümçilige ornaşdyrmak tapgyryndaky innowasion hem-de kompýuter tehnikalary, mikroelektronika, biotehnologiýa, himiýa, interaktiw enjamlaşdyryş ugurlaryndaky institutlarynyň işläp taýýarlamalary görkezildi.

Ýaş alymlar sylaglanyldy

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ylym öwrenmek bagtdyr

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da beý­le­ki ul­gam­lar bi­len bir­lik­de ylym, bi­lim pu­da­gyn­da hem san­ly ul­ga­ma geç­mek bi­len, in­no­wa­sion ösüş­le­riň esa­syn­da, ýag­ny in­te­rak­tiw, mul­ti­me­dia, on­laýn we beý­le­ki elekt­ron hyz­mat­lar­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Şeý­le öz­gert­me­le­riň esa­sy­ny bol­sa ylym, bi­lim düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Ylym hem-de bi­lim adam­za­dyň be­ze­gi­dir. Äh­li dö­wür­ler­de be­ýik iş­ler, be­ýik öz­ge­riş­ler yl­myň we bi­li­miň güý­ji bi­len ama­la aşy­ry­lyp­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Mu­nuň özi, äh­li ösüş­le­riň öze­niniň ylym öw­ren­mek, bi­lim al­mak bi­len bag­ly­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, alym­lar, şa­hyr­lar, da­na ki­şi­ler hem ylym öw­ren­me­gi he­mi­şe ün­däp­dir­ler, ne­si­hat edip­dir­ler. Hu­su­san-da, şa­hyr­lar öz dö­re­di­ji­lik­le­rin­de ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de edep-öwüt me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Bu ýag­da­ýy geç­miş­de ýa­şap ge­çen türk­men nus­ga­wy şa­hyr­la­ryň şy­gyr­la­ryn­da hem gör­mek bol­ýar. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy:

Tehnologiýalar merkezi: maksatlar, wezipeler we täze gözýetimler

16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan dürli önümleriň sergisini synlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde işlenip taýýarlanylan önümler hem bar. Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda, ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna gönükdirildi. Merkeziň barlaghanalarynda işlenip taýýarlanylan önümler we ylmy açyşlaryň netijeleri boýunça birnäçe patentler alyndy. Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň, dermanlyk serişdeleriň işjeň ulanylmagy, bu ugra degişli önümçiligiň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda-da uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri nazara alnyp bina edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Dokuz ýyl bäri bu merkez bäsdeşlige ukyply hem-de ýurdumy

Türkmenistanda nebite gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlary

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda günbatarda Hazarýaka zolagynda nebite gönükdirilen geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtalýar. Şonuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze, sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmegiň gerekdigi aýdylýar. Bu babatda Günbatar Türkmen çöketliginiň Günorta-Hazar nebitgazly ulgamy ýurdumyzyň suwuk uglewodorodlarynyň (nebit+kondensat) esasy bölegini, ýagny 80%-den gowragyny jemlemek bilen, çykarylýan nebitiň hem 90%-i oňa degişlidir.

Halkara ýeňişli ýaş himikler

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmekleri ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijelerini berýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň alýan bilimlerini çuňlaşdyrmak, hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen döwlet we halkara derejesinde ders, taslama, ylmy bäsleşikler geçirilýär. Öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen şeýle bäsleşiklerde ýeňişden paýly ýaşlarymyzyň her bir üstünligi eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýar. Ýakynda ýaş himik mekdep okuwçylarymyzyň Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan ýeňişli gelmekleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ylym — döwürlere şamçyrag

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr.

Şa serpaýynyň eýesi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji iýunynda uly ruhubelentlikde bellenen Ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Şatlyk Kurbanow hem gatnaşyp, baýrakly 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talybymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby gullukçylaryň, diňe bir öz alýan hünär bilimi bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda ylmy barlaglary alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýeňijiler ýurdumyzyň ýaş nesli üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ylym älemindäki üstünlikler

12-nji iýun — Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň ylmy-tehniki başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ylmy esasly döwlet syýasaty ýurdumyzyň ösüşinde ylmyň kuwwatyny, innowasiýalaryň ornaşdyrylyş depginini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar.

Ylym — gymmatly hazynamyz

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ylmy işler boýunça ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýaş alymlary hem bar. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Ogulaý SOLTANOWA,institutyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy:

Ylym kuwwaty — ýurduň beýik binýady

Düýn, 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde her ýylda geçirilýän ylym bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Ylmy bäsleşige gatnaşyjylar ylmyň we tehnologiýanyň esasy alty ugry boýunça täze taslamalaryny, oýlap tapyşlaryny, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýerlerinden we dürli edara kärhanalardan, mekdep okuwçylary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarydyr talyplary özleriniň täze ylmy işleri bilen gatnaşyp ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrýarlar.

Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Ylma höwesli ýaşlar ilkinji aýgytly ädimleri bilen ylym dünýäsiniň gapysyny açýarlar

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu pursatlary synlanyňda, ýaş alymlaryň maksadynyň myradyna gowşandygy, hususan-da, olaryň ylym ýolundaky geljekki işlerine badalga boljak bu bäsleşigiň ähmiýeti hakda pikir edýärsiň. Ylym ýoly çuňňur zehini, irginsiz yhlasy, dowamly gözlegi talap edýän inçe ýol hasaplanýar. Şoňa görä-de, ylym dünýäsiniň altyn gapysyny açmak üçin altyn açar gerek. Ol açar bilen arzuw wysal bolýar, maksat myradyna gowuşýar. Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýylyň-ýylyna yglan edýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi bellenmäge mynasypdyr.

Halkara ylmy maslahat: netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär. Halkara forum ylym ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, umuman, ýurdumyzyň innowasion ösüşini üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldawy arkaly guraldy. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary, aýratyn-da, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi. Uniwersitetiň mejlisler zalynda açylan maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Wýetnam, Ermenistan, Türkiýe, Ýaponiýa we beýlekiler bar.

Ylym tükenmeýän hazynadyr

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi has nurana ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar. Ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar.