"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty giň gerimde ösdürilip, bu babatda halkara tejribeleri öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen sportuny dünýä giňişligine çykarmak, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri döredip berdi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Bu hakykat halkara hyzmatdaşlygynda hem aýdyň beýanyny tapýar. 26-njy awgustda Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasynda köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Marokko Patyşalygynyň medeniýet, ýaşlar we sport ministri Osman El Ferdaus bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen mähirli salamyny hem-de aýdan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine mähirli salamyny aýtdy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de depginli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Dostluk däplerine eýerip

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ulag logistikasy — ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr. Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täze ugurlaryny gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämigurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Uly gämi

özüniň “Ýol kartasy” boýunça umman içre ýüzüşine başlar Ministrler Kabinetiniň nobatdaky zähmet rugsadyndan soňky geçirilen ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak 76-njy mejlisine hödürlemekçi bolýan meseleleri, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy barada aýdylanlar ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren we soňra bu duşuşygyň jemleýji resminamasy bolan Bilelikdäki Beýannama hem özbaşyna bölüm (№24) hökmünde girizilen «Ýol kartasyny», ýagny orta möhletli döwre niýetlenen, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça resminamany işläp düzmek babatdaky ideýasy hakynda ýene bir gezek oýlandyrdy. Hut şol «Ýol kartasy» hem milli Garaşsyzlyk ýoly bilen özleriniň arzuw edýän geljeklerine barýan Merkezi Aziýanyň döwletleriniň okgunly ösüşlerini umman içre batly ýüzýän uly gämi mysalynda göz öňüne getirmäge itergi berdi.

Kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk has-da gi­ňel­di­ler

24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şu­ryp, türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de ro­waç­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ren BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­re­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan, dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga, döw­le­tiň de­mok­ra­tik we hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri do­ly gol­da­ýar.Mil­li Li­de­ri­miz il­çi­ni Türk­me­nis­tan­da işe baş­la­ma­gy bi­len gut­lap, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Bu gu­ra­ma bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk he­mi­şe oňyn hä­si­ýe­te eýe­dir.Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da yna­nyş­mak hem-de öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek ba­bat­da­ky iş­le­riň şu gün­ki ýag­da­ýy­na, e

Dost-doganlyk mizemezdir, bakydyr!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen tanalmaz derejede özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pederlerimiziň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen dana sözi ýene bir gezek dabaralandy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň nurly tomsunda gojaman Hazaryň arassa hem asuda türkmen kenarynda doganlyk döwletlerden gelen ýokary derejeli myhmanlar, wekiliýetler we dürli pudaklardan bolan wekiller garşy alyndy. 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagynda halkara forumdyr dürli ugurly çäreleriň birnäçesi geçirilip, sebitde köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, oňa çalt depginlerde ilerleýän, strategik kuwwaty bermek babatda oňyn netijeler gazanyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti — bular sebit ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlary boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanyp, parahatçylygy we abadançylygy pugt

Türkmenistan — BMG: köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Netijeli hyzmatdaşlyk

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Ygtybarly hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Goňşy döwletleriň we doganlyk halklaryň bähbidine

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda – gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu maslahat köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine kybap gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir. Sebit boýunça goňşular bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn hem-de köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: – Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

Parahatçylygyň, durnuklylygyň, dünýäde abadançylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur häzirki halkara gatnaşyklary üçin aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Hazaryň kenarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bu gatnaşyklary aýdyň görkezdi. Bu halkara çäreleri milli Liderimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň uzakmöhletleýin häsiýete eýediginiň, Türkmenistanyň köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerindäki işjeň ornunyň, sebitiň ýurtlarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly  utgaşdyrylýar.  Munuň şeýledigi, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegi we rejelenmegi hem-de käbir kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlar  we kadalaşdyryjy  hukuk namalar biragyzdan makullanyldy. Şol kanunlaryň hatarynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türk

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda dürli halkara çäreler üstünlikli geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we beýleki ýokary derejeli forumlar, sergiler milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň miwesi bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetleriň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýar. Şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar bolmagyny şertlendirýär.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent nusgasy

6-njy awgustda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmegi bir tarapdan, Hazaryň türkmen kenarynyň dünýä ähmiýetli iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini görkezse, beýleki tarapdan, döwletimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek esasynda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, halklaryň abadan ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek babatda işjeňlik görkezýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça birnäçe anyk başlangyçlary beýan edipdi. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Zenan sarpasy

Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň we ykdysady forumyň üstünlikli geçirilmegi sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we sebit ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dos

Mekdep bazarlary hyzmatda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Munuň özi 2021 — 2022-nji — täze okuw ýylynyň bosaga gelendigini aňladýar. Sapaly dynç alyşda bolan çagalar indi okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar täze okuw ýylynda hem oňat bahalar alyp, göreldeli okuwçy bolmagy maksat edinýärler. Çünki, bagta barýan ak ýollaryň menzilleri mekdepden gözbaş alýar. Mekdeplerde bolsa täze okuw ýylynyň başlanandygyny habar berýän jaň sesiniň ýaňlanjak güni indi uzakda däl. Mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işleri göwnejaý alnyp baryldy. Mugallymlar okatjak synplaryna ýeterlik okuw kitaplaryny gözden geçirip, görkezme esbaplaryny barlap, ykjam taýýarlansalar, ata-eneler çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün etmek bilen meşgullanýarlar. Ata-eneleriň çagalarynyň oňat okap, döwrebap bilim almagy barada edýän aladalarynda kösençlik çekmezlikleri üçin welaýat merkezinde, etrap-şäherlerimizde mekdep bazarlary işläp başlady. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bolan şol bazarlaryň birnäçesi “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynyň çäginde hereket etse, etrap merkezlerindäki söwda bazarlarynda guralýan mekdep bazarlary hem bol harydy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna doly hukukly we işjeň gatnaşýan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygy berkitmegiň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine beýleki ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler, halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň düýp özeni bolup durýan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň mizemez ýörelgelerini, ylalaşdyryjylyk gepleşikleriň netijeli tejribesini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçlary öňe sürmegiň we durmuşa geçirmegiň esasynda öňüni alyş çärelerini sazlaşykly utgaşdyrýar. Halkara gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhynda döwletara wezipelerini we meselelerini çözmekde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde ençeme usullar işlenip taýýarlanyldy. Şol bir wagtda üýtgeýän döwür we ösüş döwletleriň öňünde täze wezipeleri we maksatlary goýýar. Olar täze çemeleşmeleri we çözgütleri talap edýär. Sebitde parahatçylyk ýörelgelerine ýardam etmegiň syýasy tejribesi, sebitiň ykdysady, ekologiýa we energetika meseleleriniň oňaýly çözgütlerini işläp taýýarlamak Türkmenistana sebitde we onuň çäklerinden daşarda hoşniýetli, ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşyň abraýyny getirdi.

Ýokary derejeli halkara hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli maslahatlardyr forumlaryň, festiwallardyr sergileriň, halklary has-da ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan çözgütler kabul edilýän duşuşyklaryň merkezine öwrüldi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň gözel künjekleri has-da ajaýyp keşbe, toý lybasyna beslendi. Bu tötänden däldir. Awazanyň gözel kenary bu günki günde ýene-de arzyly myhmanlary garşylady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli waka, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň  Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda «Awaza» Kongresler merkezinde geçirilen ýokary derejeli bu forum sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny giňeltmäge gönükdirildi.