Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent nusgasy

18 Awgust 2021
1283

6-njy awgustda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmegi bir tarapdan, Hazaryň türkmen kenarynyň dünýä ähmiýetli iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini görkezse, beýleki tarapdan, döwletimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek esasynda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, halklaryň abadan ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek babatda işjeňlik görkezýändigini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça birnäçe anyk başlangyçlary beýan edipdi. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.