Hoşniýetli goňşuçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

17 Awgust 2021
1290

Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna doly hukukly we işjeň gatnaşýan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygy berkitmegiň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine beýleki ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler, halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň düýp özeni bolup durýan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň mizemez ýörelgelerini, ylalaşdyryjylyk gepleşikleriň netijeli tejribesini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçlary öňe sürmegiň we durmuşa geçirmegiň esasynda öňüni alyş çärelerini sazlaşykly utgaşdyrýar.

Halkara gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhynda döwletara wezipelerini we meselelerini çözmekde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde ençeme usullar işlenip taýýarlanyldy. Şol bir wagtda üýtgeýän döwür we ösüş döwletleriň öňünde täze wezipeleri we maksatlary goýýar. Olar täze çemeleşmeleri we çözgütleri talap edýär. Sebitde parahatçylyk ýörelgelerine ýardam etmegiň syýasy tejribesi, sebitiň ykdysady, ekologiýa we energetika meseleleriniň oňaýly çözgütlerini işläp taýýarlamak Türkmenistana sebitde we onuň çäklerinden daşarda hoşniýetli, ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşyň abraýyny getirdi.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.