"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň uly toplumy we umumy bähbitlere degişli möhüm halkara meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.

Netijeli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

28-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň aýratyn ünsi netijesinde döwletara gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Ýokary derejede guralýan özara saparlar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň uly toplumy we umumy bähbitlere degişli möhüm halkara meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti (28-nji noýabr, 2021-nji ýyl) Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

Biz, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary YHG-nyň maksatnamalaryny, çärelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de YHG üçin umumy gyzyklanma bildirilýän, YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly guraýan, çuňlaşdyrýan we giňeldýän, umumy gymmatlyklary, bähbitleri ösdürýän gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagyň ösüşine hem-de derejesine garamak üçin YHG-nyň 15-nji sammitine ýygnanyşyp, şunuň bilen baglylykda: YHG-nyň Izmir ylalaşygynda tassyklanylan ýörelgelerine we maksatlaryna, sebitiň özara ykdysady ösüşi, parahatçylygy hem-de rowaçlygy we goşulyşmagy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap;

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy

«7/24.tm», №48 (79), 29.11.2021. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlyklary barha giň gerim alýar. Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýan gatnaşyklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

28.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Aşgabatda YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

27.11.2021. Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

26.11.2021. Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti

(28-nji noýabr, 2021-nji ýyl) Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Ol 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň 15-nji sammitine taýýarlygyň jemleýji tapgyry boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy umumy bähbitlere kybap gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu guramanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagy, onuň bolup geçýän ählumumy we sebit ýagdaýlaryna oňyn täsiriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan sebit derejesinde däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolup, YHG-nyň ähli agza döwletleri bilen ozaldan gelýän hoşniýetli we ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: durnukly ösüşiň bähbidine tagallalar

Abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýanyň çygryndaky hyzmatdaşlygy köpugurly bolup, ählumumy hem-de sebitleýin howpsuzlyk, durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, bu ugurdaky maksatlaryň, wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ugruna we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, ylalaşyk, howpsuzlyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara dialoga ygrarly bolmagynda galýar. Şunlukda, türkmen döwletiniň häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz meseleleriniň çözgüdindäki netijeli diplomatik işi onuň ählumumy syýasy we ykdysady giňişlige goşulyşmagynyň esasy düzüjileriniň biri bolup durýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: bir ugur, bir maksat

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmek döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşi üçin täze mümkinçilikleri we şertleri döretmek maksadynyň köptaraply sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, söwda, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilmegi onuň heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň köpdüginden, YHG-a girýän 10 ýurduň birleşen ykdysady güýjüniň, maliýe şertleriniň, geografik aýratynlyklarynyň dünýäniň söwda dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyndaky ornunyň üýtgewsizdiginden habar berýär. Hawa, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti öz işini üstünlikli tamamlady. Sammitiň öňüsyrasynda, has takygy 26-njy noýabrda geçirilen gurama agza döwletleriň işewürlik maslahaty mundan beýläk-de YHG-nyň çäklerinde söwda dolanyşygyny artdyrmakda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde, maýa goýum mümkinçiliklerini işjeňleşdirmekde, üstaşyr ulag geçelgeleri we logistik merkezler arkaly, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyryň başlangyjyna öwrüldi diýsek ýalňyşmasak gerek. Maslahatyň ýurdumyzyň, şonuň bilen birlikde-de YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de bu guramanyň Sekretariaty tara

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen tagallalar

Düýn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giň düzümde geçirilen bu sammitine gatnaşdy we onda çykyş etdi.

Ýürekleriň we maksatlaryň birligi ÝHG-nyň aşgabat sammitinde öz beýanyny tapdy

XXI asyryň barha globallaşýan häzirki döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda sebit hem-de halkara düzümleriň işlerini ilerletmäge, döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem aýratyn orun degişlidir. Onuň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklerine we eýeleýän ornuna düýn — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Iri sebitleýin ykdysady gurama bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ysnyşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 1985-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredildi. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna Owganystanyň, şeýle hem 6 ýurduň: täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyz Respublikasynyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi. Şeýlelikde, 500 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit Ýewropanyň, Kawkazyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz içine alyp, Russiýany Pars aýlagy, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklara eýe boldy. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyk

Dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Bu günki günde Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Muňa ýurdumyzda bolup geçýän möhüm ähmiýetli taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär. Muny Türkmenistan bilen Türkiýäniň dostlukly gatnaşyklarynda hem görmek bolýar. Bu döwletler baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

Türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­en Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň XV sam­mi­ti­niň öňü­sy­ra­syn­da, 26-njy noýabrda YHG-a ag­za döw­let­le­riň işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň we YHG-nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry hem-de gu­ra­ma­nyň Sek­re­ta­ria­ty ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len mas­la­hat hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da no­bat­da­ky mö­hüm ädi­me öw­rü­lip, YHG-a ag­za döw­let­le­riň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we ugur­daş eda­ra­la­ryň, bank­la­ryň hem-de hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri­ni ýyg­na­dy. Onuň işi­ne 170-den gow­rak we­kil gat­na­şyp, olar­dan 40-sy da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler, 138-si ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri­dir. Şeý­le-de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan 270-den gow­rak te­le­ke­çi fo­ru­myň işi­ne san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­dy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 24-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Polşadan, Özbegistandan, Türkiýeden we BAE-den ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len suwuklandyrylan gazy we polietileni sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi.