Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: durnukly ösüşiň bähbidine tagallalar

29 Noýabr 2021
1011

Abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýanyň çygryndaky hyzmatdaşlygy köpugurly bolup, ählumumy hem-de sebitleýin howpsuzlyk, durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, bu ugurdaky maksatlaryň, wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ugruna we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, ylalaşyk, howpsuzlyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara dialoga ygrarly bolmagynda galýar. Şunlukda, türkmen döwletiniň häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz meseleleriniň çözgüdindäki netijeli diplomatik işi onuň ählumumy syýasy we ykdysady giňişlige goşulyşmagynyň esasy düzüjileriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.