Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: bir ugur, bir maksat

28 Noýabr 2021
945

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmek döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşi üçin täze mümkinçilikleri we şertleri döretmek maksadynyň köptaraply sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, söwda, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilmegi onuň heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň köpdüginden, YHG-a girýän 10 ýurduň birleşen ykdysady güýjüniň, maliýe şertleriniň, geografik aýratynlyklarynyň dünýäniň söwda dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyndaky ornunyň üýtgewsizdiginden habar berýär.

Hawa, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti öz işini üstünlikli tamamlady. Sammitiň öňüsyrasynda, has takygy 26-njy noýabrda geçirilen gurama agza döwletleriň işewürlik maslahaty mundan beýläk-de YHG-nyň çäklerinde söwda dolanyşygyny artdyrmakda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde, maýa goýum mümkinçiliklerini işjeňleşdirmekde, üstaşyr ulag geçelgeleri we logistik merkezler arkaly, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyryň başlangyjyna öwrüldi diýsek ýalňyşmasak gerek. Maslahatyň ýurdumyzyň, şonuň bilen birlikde-de YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de bu guramanyň Sekretariaty tarapyndan guralandygyny-da nygtamak gerek.

Şeker PERMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.