Magtymgulynyň filosofiýasynyň ähmiýeti

3 Aprel 2023
777

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Magtymgulynyň filosofik mirasy we bu filosofiýany jemgyýeti öwrenýän ylymlarda beýan etmegiň meseleleri» atly seminaryň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Belläp geçsek, milli miras, jemgyýetçilik we ylym babatynda ähmiýetli bolan bu çäre 2021-nji ýyldan bäri dowamly guralýar.

Seminara ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň mugallymlary, alym-professorlary, talyp ýaşlary, şeýle-de belli magtymgulyşynaslar, mirasy öwrenijiler, sungat işgärleri gatnaşyp, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin çykyş edýärler. Bu gezekki seminara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory Nurýagdy Suwhanowyň alyp barmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Amannepes Şyhnepesow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, uniwersitetiň mugallymlary Jemal Sapargulyýewa, Täçmyrat Baýramgeldiýew we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Serdar ATAÝEW,
«Nebit-gaz».