Täze žurnal — täze başlangyç

3 Aprel 2023
780

Haýsydyr bir täzeligi jemgyýete ýetirmekde habar beriş serişdeleri möhüm rol oýnaýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň döredilmegi hem giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen täze žurnalyň döredilmegi baradaky çözgüt geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Hökümet mejlisleriniň birinde kabul edilipdi. Ýakynda bu žurnalyň ilkinji sany elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylara ýetirildi.

Žurnalda ýerleşdirilýän makalalarda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işler hem-de innowasion işläp taýýarlamalar şöhlelendirilýär. Täze ylmy-amaly elektron žurnalynyň redaksion düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hyzmatdaş alymlary girizildi. Innowasiýa tehnologiýalary boýunça ylmy-barlaglary alyp barýan hünärmenler, bu ugurlar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem-de giň okyjylar köpçüligi bu elektron žurnalyň üsti bilen düýpli, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri we olaryň önümçiliklere ornaşdyrylyşy bilen tanyş bolarlar.