Arap ýarymadasynyň gündogarynda ýerleşýän Katar Ýakyn Gündogar sebitiniň ykdysady taýdan iň ösen döwletleriniň biridir. Dünýä derejesinde alanyňda, ilatynyň jan başyna düşýän girdejisi boýunça bu ýurt iň öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Soňky onýyllyklarda tebigy baýlyklardan has netijeli peýdalanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdaky aýgytly ädimler Kataryň ösüş depginlerini has-da güýçlendirdi.
Kataryň demirgazyk böleginde dünýäde iň uly nebit-gaz goruny özünde saklaýan ýatak bar. Ol dünýäniň subut edilen tebigy gaz gorlarynyň 15 göterimini saklaýan «Demirgazyk» känidir. Bu kände Ýer ýüzi boýunça alanyňda, suwuklandyrylan tebigy gaz öndürmekde kerwenbaşy hasaplanýan «RasGas» we «QatarGas» milli kompaniýalary işleýärler. Häzirki döwürde Katar suwuklandyrylan gazyň eksporty boýunça dünýä lideri bolup durýar. Mundan başga-da, ilat balykçylyk we dür çykarmak bilen meşgullanýar. Ýurtda deňiz suwundan arassa suw öndürmek hem senagat derejesine ýeten ugurlaryň biri hasaplanýar. Soňky onýyllykda Katar yslam dünýäsiniň maliýe liderleriniň birine öwrüldi.