Geçen hepde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdylar. Onuň dowamynda kompaniýanyň wekilleri alyp barýan işleriniň esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk, deňiz portunyň terminallaryny ynançly dolandyryşa bermek boýunça meselelere seredildi.
«KPMG» — audit, salgyt we maslahat hyzmatlaryny berýän halkara kompaniýalar ulgamy bolup, dünýäniň 147 ýurdunda bölümçeleri hereket edýär. 219 müň sany işgäri özünde jemleýän kompaniýanyň esasy wezipesi dünýä bazaryndaky ýagdaýlary seljermekden, strategiýa we telekeçilik çemeleşmelerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.