Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň nebit-gaz toplumynyň eksport görkezijilerini mälim etdi. Berlen maglumatlarda ýurduň nebit eksportynyň artandygyny, gaz importynyň bolsa kemelendigini görmek bolýar. Has anygy, şu ýylyň iki aýynyň dowamynda Azerbaýjan çig nebit önümleriniň 157 müň tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdi. Eksportyň pul möçberi bolsa 97 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylyň degişli döwründe Azerbaýjan umumy bahasy 62,5 million amerikan dollaryna deň bolan 117 müň tonna çig nebit önümlerini eksport edipdi.
2023-nji ýylyň iki aýynda Azerbaýjan daşary ýurtlara umumy bahasy 502 million amerikan dollaryna deň bolan 1 milliard 213,8 million kub metr tebigy gazy eksport etdi. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 3 milliard 963,6 million kub metre ýa-da 2 milliard 486,1 million amerikan dollaryna deň bolupdy.