Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

29 Mart 2023
447

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.