ÝUNESKO kluby açyldy

28 Mart 2023
433

Bäş müňýyllyk baý taryhly milletimiziň medeni gymmatlyklary bu gün ýekänme-ýekän tutuş dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülip, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulýar. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda ornuny tapmagyna uly ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, halkara guramalary bilen gatnaşygy has-da berkitmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak baradaky teklibiň goldanylmagy, bu ugurda oňyn işleriň alnyp barylmagy bizi diýseň begendirdi. Şolaryň hatarynda biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem tassyklanan meýilnamalar esasynda guramaçylyk işleri yzygiderli geçirildi. Netijede, institutda ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly klubuň dabaraly açylmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşan hormatly myhmanlar milli gymmatlyklarymyz hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2022-nji ýylda girizilen «Türkmen keşdeçilik sungaty», 2021-nji ýylda girizilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we dessançylyk sungaty» bilen baglanyşykly guralan sergä aýlanyp gördüler. Dabara gatnaşyjylar Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury esasynda taýýarlanylan aýdym-sazly edebi-çeper kompozisiýa tomaşa etdiler. Agzybirlikde, belent ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilen bu çäre oňa gatnaşyjy myhmanlaryň hem-de talyplaryň hakydalarynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Çäräniň ahyrynda hemmeler bilelikde bagtyýar zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy alkyşlaýan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.