Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

28 Mart 2023
427

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky ŞHG-niň halkara synçylar toparynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Tejribe alyşmak hem-de saýlawlary guramagyň hukuk kadalaryny we halkara tejribäni öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyrlary ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda we bu ugurda umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerini nazara almak bilen geçirildi.

(TDH)