«Türkmenistandaky saýlawlar bäsleşikli esasda we ýokary guramaçylykda geçirildi»

28 Mart 2023
483

diýip, GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy nygtaýar

Düýn paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň jemleýji brifinglerinde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taýýarlyk işlerine we geçişine guralan gözegçiligiň deslapky netijeleri beýan edildi. Daşary ýurtly wekilleriň saýlawlaryň demokratik esaslarda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, raýatlaryň öz isleglerini erkin beýan edip bilmegi üçin zerur şertleriň doly göz öňünde tutulandygyny biragyzdan nygtamaklary ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliliginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Söhbetdeşligi taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».