Bioenergetikada täze mümkinçilik

27 Mart 2023
786

Hormatly Arkadagymyz «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda türkmen halkynyň suwuň gadyr-gymmatyna nähili sarpa goýýandygy barada çuňňur paýhasa ýugrulan ündewleri öňe sürýär. Howanyň üýtgeýän şertlerinde gurakçylyga durnukly ekerançylygy ýola goýmak maksady bilen, goşmaça suw gorlaryny döretmek baradaky pikirler şol ündewleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Arkadagymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmeginiň maksadynyň diňe bir ýurdumyzyň ähli çägindäki zeý suwlaryny toplamakdan däl, eýsem, suwy oba hojalygynda gaýtadan ulanmak we beýleki zerurlyklar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ony gaýtadan işlemekden ybaratdygyny nygtaýar.

Lagym suwlaryny, şol sanda zeý suwlary mikrosuwotularyň kömegi bilen arassalamak dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan innowasion usullaryň biridir. Bu tehnologiýany ýurdumyzyň şertlerinde bioenergetika maksatlarynda utgaşykly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde zeýkeş suwlary mikrosuwotularyň kömegi arkaly arassalamak, ekologik taýdan arassa biodizel ýangyjyny öndürmek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri dowam edýär. Ylmy işiň maksady zeýkeş suwlarynyň düzümindäki maddalary mikrosuwotular üçin iýmit gurşawyny döretmekde peýdalanmakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlere berilýän mineral dökünleriň ujypsyz bölegi toprakdan süzülip, zeýkeşlerden çykýar. Ylmy çaklamalara görä, zeýkeş suwlarynyň düzümindäki bar bolan iýmit maddalary mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmekde peýdalanmak bolar. Mikrosuwotular öz gezeginde bioenergiýa öndürmekde ygtybarly çig mal serişdesidir. Mikrosuwotulary zeýkeş suwlarynda ösdürip ýetişdirmegiň artykmaçlygy olaryň azyk howpsuzlygyna zyýan ýetirmeýänligi, beýleki ösümliklerden 15 — 20 esse çalt köpelýänligi, gaty gabygynyň ýoklugy sebäpli gaýtadan işlemegiň arzan düşýänligi, daşky gurşawa zyýanly täsir etmeýänligi bilen düşündirilýär.

Mämmetgurban HOJALYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.