Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy

16 Mart 2023
477

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäginde Milli Liderimiz Türki döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy we bu mejlisde taryhy söz sözledi. Mejlisde başga-da birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ýürekdeşlik, göwündeşlik ýaly asylly häsiýetleri häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ynsanperwer goldawyny bermek, dostuňa kyn gününde, agyr pursatda dostluk goluny uzatmak biziň mizemez ýol-ýörelgämizdir. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer ýardam» bermek atly nobatdan daşary mejlisde: «Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda, ýagny 6-njy fewralda Türkiýede betbagtçylyk boldy. Ýertitremede müňlerçe adam pida boldy. Bu betbagtçylykda şehit bolanlaryň yzy ýarasyn, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Şikes ýetenler hem şypa tapyp, çaltrak sagalsyn» diýip, bellemegi hemdemlik babatdaky ebedi ädimlerimiziň ýaýbaňlandyrylýandygynyň ýene bir ýola subutnamasydyr.

Türkiýe Respublikasy, Ankara şäheri.