Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

16 Mart 2023
384

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde şu ýylyň 11 — 15-nji marty aralygynda geçirilen Parlamentara Birleşigiň Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy. Onuň işine daşary ýurtlaryň 117-siniň parlamentleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Parlamentara Birleşigiň Assambleýasyndaky umumy pikir alyşmalar “Parahatçylykly ýaşaşmaga hem-de inklýuziw jemgyýetlere ýardam bermek: düşünişmezligi ýeňip geçmek” mowzugyna bagyşlandy. Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamda parlament gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Umumy mejlisiň barşynda häzirki wagtda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerinde dürli ýurtlaryň parlamentlerine, şol sanda Türkmenistanyň parlamentarilerine uly ornuň degişlidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde durnuklylygyň, ylalaşygyň üpjün edilmeginiň, halk häkimiýetliliginiň, demokratiýanyň, hukuk kadalarynyň binýatlarynyň berkidilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy nygtaldy.

(TDH)