Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent ykrary

13 Mart 2023
366

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şöhratly wakalary, hoş habarlary ähli halkymyzy buýsandyrýar, bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary netijeli häsiýete eýe bolup, türkmen-bahreýn dostlukly gatnaşyklaryny hil taýdan täze belentliklere göterdi. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ähli ugurlarda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli kämilleşdirýär. Hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan aýdyň maksatlar dünýäde ählumumy parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek hem Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orna eýe bolýar.

Gurbannazar ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.