Türkmen-özbek awtomobil ulag boýunça garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

13 Mart 2023
312

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda, şol Agentligiň ýolbaşçylarynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri Ilhom Mahkamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-özbek awtomobil ulag boýunça garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.